Hytaýyň şäherleriniň ilaty öý haýwanlaryny, hususan-da, itleri we pişikleri saklamak we ideg etmek üçin köp möçberde maliýe serişdelerini sarp edýärler. Deslapky maglumatlara görä, 2019-njy ýylda hytaýlylaryň bu çykdajylary 28,8 milliard dollara deň bolmagyna garaşylýar. Bu maglumatlar “Pet Fair Asia” (“Aziýanyň öý haýwanlary sergisi”) sergisiniň guraýjylary we “Goumin.com” web portaly tarapyndan taýýarlandy.
Hytaýyň şäherleriniň ýaşaýjylary tarapyndan saklanýan itleriň we pişikleriň sany 2018-nji ýyla garanyňda, 8,4 göterim köpelip, 100 milliona golaýlady. Bu baradaky maglumatlary öý haýwanlary üçin iýmit satuwyny we dürli hyzmatlaryny amala aşyrýan pudaklar hem tassyklaýar.
Ýurtda öý haýwanlaryna ideg edýänleriň agramly böleginiň ýaşy uly adamlardygyna garamazdan, soňky ýyllarda girdejisi ýokary bolan adamlaryň hem öý haýwanlaryny ideg etmäge bolan isleginiň artandygy mälim edildi.
“Euromonitor International” kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, Hytaýda öý haýwanlary üçin niýetlenen harytlaryň bazarynyň gerimi barha giňeýär. Öňümizdäki 5 ýylyň dowamynda bu bazar ortaça 18,2 göterim artyp, Hytaý 2024-nji ýylda öý haýwanlary üçin niýetlenen harytlaryň bazarynda dünýäde 8-njy orny eýelär.