Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy tem­mä­ki önüm­le­ri­ne gar­şy al­nyp ba­ryl­ýan bar­ly­şyk­syz gö­reş­de oňyn ne­ti­je­ler ga­za­nyl­ýan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Gu­ra­ma­nyň res­mi in­ter­net sa­hy­pa­syn­da ýer­leş­di­ri­len ha­ba­ra gö­rä, 2020-nji ýyl­da 2018-nji ýyl bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, er­kek adam­la­ryň ara­syn­da çi­lim çek­ýän­le­riň sa­ny 2 mil­li­on aza­lar. 2025-nji ýyl­da bol­sa, 5 mil­li­on aza­lyp, tu­tuş dün­ýä­de çi­lim çek­ýän­le­riň sa­ny 1 mil­liard 87 mil­lio­na deň bo­lar. Bi­ler­men­le­riň pi­ki­ri­ne gö­rä, mu­nuň çi­lim­keş­li­ge gar­şy gö­reş­de uly üs­tün­lik bol­jak­dy­gy aý­dyl­ýar. Şeý­le hem ze­nan­la­ryň ara­syn­da çi­lim çek­ýän­le­riň sa­ny soň­ky 18 ýy­lyň do­wa­myn­da 346 mil­li­on­dan 244 mil­lio­na çen­li azal­dy.
– Döw­let­le­riň arasynda çi­lim­keş­li­ge gar­şy alnyp bar­ylýan çä­re­le­ri­niň ha­sa­by­na er­kek adam­la­ryň ara­syn­da çi­lim çek­ýän­le­ri­niň sa­ny il­kin­ji ge­zek azal­dy – di­ýip, Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň baş di­rek­to­ry Ted­ros Adhanom Geb­re­ýe­sus gür­rüň ber­di.