Alymlaryň geçiren barlaglarynyň netijesine görä, her gün 2 alma iýmegiň ganyň düzümindäki holesteriniň azalmagyna kömek edýär.
Mälim bolşy ýaly, her gün bir sany alma iýmegiň adam saglygyna peýdalydygy bellidir. Ýöne, nobatdaky barlaglar 2 almanyň has köp peýdaly boljakdygyny görkezdi. Bu barlaglar barada “American Journal of Clinical Nutrition” žurnalynda bellenilip geçilýär. Barlaglara gatnaşan 40 adam holesteriniň derejesiniň ýokarydygy bilen tapawutlanypdyr. Olar 8 hepdäniň dowamynda her gün 2 alma iýdiler. Şonuň netijesinde, olaryň bedenindäki erbet täsir edýän holesteriniň 4 göterim azalandygy görüldi. Bu barlaglar Angliýanyň Riding uniwersitetiniň alymy Juli Lawgrow tarapyndan geçirildi.
Gülälek ROZYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.