Belli işewür Bill Geýts dünýäniň iň gurply adamlarynyň biri bolup, kitap okamagy we okan kitaplaryny maslahat bermegi bilen tanalýar. “Microsoft” kompaniýasynyň esaslandyryjysy her ýylyň ahyrynda eden işleri, okan kitaplary barada maglumat ýaýradýar. Geýts 2019-njy ýylyň iň gowy 5 kitabyny malim etdi. Onuň sanawynyň başynda “Amerikan nikasy” (An American Marriage) kitaby bar. Taýari Jonsuň ýazan romanynda är-aýalyň başdan geçirmeleri barada gürrüň edilýär. Sanawda ikinji ýeri “Bular hakykat: ABŞ-nyň taryhy” (These Truths: A History of the United States) alypdyr. Jill Leporyň ýazan kitabyna Geýts “Ýürekden ýazylan amerikan hekaýatlarynyň biri” diýip baha berýär. Sanawda “Ösüş: mikroorganizmlerden iri şäherlere çenli” (Growth: From Microorganisms to Megacities) kitaby üçünji ýeri alypdyr. Waslaw Smiliň ýazan bu kitabynda Ýer ýüzündäki ýaşaýyş barada gürrüň berilýär. Geýts Smiliň iň halaýan ýazyjylarynyň biridigini aýdýar. Diýana Tawenneriň çaga terbiýesi barada ýazan “Taýýarlanan” (Prepared) atly kitaby hem Geýtsiň sanawyna girizilipdir. “Uklamagymyzyň sebäbi” (Why we sleep) atly kitap işewüriň sanawynda bäşinji orny eýeläpdir. Doktor Metýu Walkeriň ýazan kitabynda uky, düýş we adamyň endikleri barada maglumat berilýär.