Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda Täze ýylyň şowhuny hem-de şatlyk-şagalaňy has-da belende galdy. Eziz Diýarymyza Täze ýyl geldi. Muny her ädimde duýmak bolýar. Şowhunly garşy alynýan Täze ýylyň şatlygy hemmelerde üýtgeşik duýgulary döredýär. Täze ýylyň baýramçylyk dabaralary köpöwüşginliligi hem-de ýatda galyjylygy bilen tapawutlanýar. Esasan-da, körpe nesil bu baýramçylyga uly sabyrsyzlyk bilen garaşýar.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyz Täze ýyly baýramçylyk lybasynda garşylaýar. Paýtagtymyz Aşgabadyň keşbi bu baýramçylygyň şanyna aýratyn owadan keşbe girdi. “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň Baş arçasy oturdylyp, bu ýer her gün köp adamly bolýar.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň körpe nesilleriniň Täze ýyl şatlygyny paýlaşdy. Hemmeler döwlet Baştutanymyzyň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşdylar. Çünki hormatly Prezidentimiz bilen bilelikde durmuşyň täze tapgyryny alamatlandyrýan baýramçylyga gatnaşmak uly hormat-sarpadyr.
Milli Liderimiz körpeleri we mekdep okuwçylaryny gutlamak hem-de olara bilimlere eýe bolmagy, eziz Watanymyzy söýmegi we bagtyýar geljegi arzuw etmek üçin bu ýere gelýär hem-de her ýyl Täze ýyl dabaralaryna gatnaşýar.
Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy meýdançanyň golaýynda saklandy. Milli lybasly çagalar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurdylar. Milli Liderimiz Baş arça tarap ugrap, Täze ýyl baýramçylygyna gatnaşyjylaryň ählisini mähirli mübärekledi. Bu ýerde ösüp gelýän nesliň hem-de ähli watandaşlarymyzyň adyndan Aýazbaba we Garpamyk milli Liderimize çagalar barada edýän atalyk aladasy, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, ýokary hilli bilim almagy, beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy babatda döredýän ajaýyp şertleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Baýramçylyk çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Döwlet Baştutanymyz şadyýan çagalaryň çykyşlaryna kanagatlanma we uly höwes bilen tomaşa etdi. Köpöwüşginli çykyşlar tamamlanandan soň, çagalar döwlet Baştutanymyzdan özleri bilen Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanmagyny haýyş etdiler. Milli Liderimiz ýaş artistlere ajaýyp çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirip, dostlugy, parahatçylygy, ylalaşyklylygy, jebisligi hem-de rowaçlygy alamatlandyrýan arçanyň daşyndan aýlanmak çäresine goşuldy. Soňra hormatly Prezidentimiz çagalaryň ählisini Täze ýyl bilen gutlady we olara okuwda hem-de durmuşda uly üstünlikleri, gyşky dynç alyş günlerini göwnejaý geçirmeklerini, ähli isleg-arzuwlarynyň hasyl bolmagyny arzuw etdi. Şondan soňra, dabara gatnaşyjylaryň ählisine döwlet Baştutanymyzyň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.
Çagalaryň haýyşy boýunça milli Liderimiz çagalar bilen Baş arçanyň öňünde ýadygärlik surata düşdi.
Döwlet Baştutanymyz hemmelere ýene-de bir gezek Täze ýylyň bagtly ýyl bolmagyny arzuw edip, oglanlaryň we gyzlaryň iň gowy milli däpleri, ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerini mynasyp dowam etdirijiler bolup ýetişjekdigine hem-de hakyky watançylar boljakdygyna ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz “Älem” medeni-dynç alyş merkezinden Söwda-senagat edarasyna tarap ugrady. Şol ýerde çagalar döredijilik toparlarynyň hem-de sirk we estrada artistleriniň gatnaşmagynda Täze ýyl baýramçylyk dabarasy dowam etdi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz agtyklary bilen bilelikde Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy.
Milli Liderimiz ýygnananlaryň ählisine gutlag sözi hem-de iň gowy arzuwlar bilen ýüzlendi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda bagtyýar çagalygy üpjün etmek üçin hem-de ýaşlar syýasaty ulgamynda toplumlaýyn maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigini belledi.
Geljek ýyl hem bu ulgamda möhüm ähmiýetli wakalaryň baý bolmagyna garaşylýar.
Biz “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” ýylyny mynasyp tamamlamak bilen dürli pudaklarda täze giň gerimli taslamalary amala aşyryp başlaýarys hem-de eziz Watanymyzyň, ösüp gelýän neslimiziň ajaýyp geljegine uly umyt bilen garaýarys. Biz öz öňümizde uly maksatlary goýýarys hem-de ýaşlarymyza daýanyp, olara ýetmek üçin ähli tagallalary edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Şadyýan Täze ýyl sazynyň owazy belentden ýaňlandy. Täze ýyl äheňinde bezelen uly zalda köp owazly aýdymlar, joşgunly tanslar ýerine ýetirilip hem-de Täze ýyla bagyşlanan goşgular okalyp, giň gerimli baýramçylyk şüweleňi ýaýbaňlandyryldy. Dabara şeýle hem Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň wekilleriniň çagalary gatnaşdylar. Çagalar özleriniň ene dillerinde milli Liderimizi we hemmeleri Täze ýyl bilen gutladylar.
Ýurdumyzyň çagalar hor we tans toparlary türkmen, rus we iňlis dillerinde “Täze ýyl jazy” atly aýdymly tansy uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Aýdym-sazly çykyşlar, joşgunly tanslar baýramçylyk konsertiniň täsirliligini has-da artdyrdy.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça dürli ugurlarda ýeňijilere baýraklar gowşuryldy. Dabara gatnaşyjylaryň ählisine ägirt uly süýjülik torty hödürlenildi. Şondan soňra, bu ýere ýygnananlaryň ählisi türkmen toýuna çagyryldy.
Bu ýerde dabara gatnaşyjylaryň öňünde milli däp-dessurlary özünde jemleýän türkmen toýy toýlandy. Söwda-senagat edarasynyň zalynda şadyýan aýdym-sazly we joşgunly tansly hakyky uly türkmen toýy ýaýbaňlandyryldy. Öýlenýän ýigidiň we gelniň ýakynlary hem-de hossarlary bu sahnanyň hakykata has ýakyn bolmagy üçin ähli tagallalary etdiler. Dabarada beýemçileriň, aşpezleriň, çaýçylaryň, bagşy-sazandalaryň toýa taýýarlyk görýän pursatlary ussatlyk bilen beýan edildi. Bu ýere daşary ýurtly myhmanlar hem geldiler. Gadymdan bäri uly toýlarda geçirilýän göreş boýunça ýaryşlar hem bu dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Toý ýurdumyzda ähli baýramçylyk dabaralarynda ýerine ýetirilýän we giňden meşhur bolan küştdepdi tansy bilen jemlendi.
Täze ýyl gutlaglary ýaňlandy, bagtyýar durmuş baradaky arzuwlar beýan edildi. Dabara ählumumy baýramçylyk hem-de ruhubelentlik ýagdaýynda, häzirki bagtyýar döwre bagyşlanan aýdymyň ýerine ýetirilmegi bilen tamamlandy. Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.