26-njy dekabrda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda Ahal welaýatynda sanlylaşdyrmak ulgamynda tejribe alyşmak boýunça iş duşuşygy geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň 16-njy dekabrda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren nobatdaky iş maslahatynyň dowamynda Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedow bu sebitde ýurdumyzda ilkinji bolup döwlet dolandyryş ulgamyna sanly maglumat tehnologiýalarynyň, şol sanda elektron resminama dolanyşygynyň girizilendigi barada hasabat berdi, bu tehnologiýalar işiň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, 2019-2025-nji ýyllarda milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmagyň konsepsiýasyna laýyklykda amala aşyrylýan işleriň yzygiderli dowam etdirilmeginiň hem-de giňeldilmeginiň möhümdigini nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki duşuşyga gatnaşyjylaryň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryny sanly ulgama tapgyrlaýyn birikdirmek hem-de Ahal welaýatynyň tejribesi esasynda, elektron resminama dolanyşygyny ornaşdyrmak boýunça geçirilýän işleri çaltlandyrmagyň wezipelerine ünsi çekildi.
Ýokarda görkezilen konsepsiýany iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň netijeli işlemegine gönükdirilen maglumat tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň hasabyna möhüm ugurlar boýunça çäreleriň işjeň ýaýbaňlandyrylandygy bellenildi.
Sebitiň ýolbaşçysy S.Berdimuhamedow bu ulgamda Ahal welaýatynyň tejribesi bilen tanyşdyryp, dürli düzümleriň özara gatnaşyklaryny ýokarlandyrmakda olaryň netijeliligini hem-de welaýat we etraplaryň derejesinde çözgütleri has tiz kabul etmäge, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmaga amatly mümkinçilikleriň döreýändigini belledi.
Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň bu ulgama yzygiderli birikdirilmeginiň uly ähmiýetini hem-de sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen wezipeleri çözmekde möhümdigini bellemek gerek. Bu ulgam giň ugurlary öz gerimine alýar, olar şeýle hem milli ulgamlaýyn giňişligiň, internet hyzmatlary toplumynyň kadalaşdyrylmagyny we giňeldilmegini kanunçylyk taýdan goldamagy işläp taýýarlamagy hem öz içine alýar.