Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len ýur­du­my­zyň äh­li kün­je­gin­de top­lum­la­ýyn öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­la­ry üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, şä­her­le­riň we oba­la­ryň keş­bi ta­nal­maz de­re­je­de öz­ger­ýär, se­bit­ler­de köp san­ly me­de­ni-dur­muş, se­na­gat, ulag-ara­gat­na­şyk mak­sat­ly des­ga­lar we beý­le­ki bi­na­lar gu­rul­ýar.

Ata Wa­ta­ny­my­zyň iň alys­da­ky kün­jek­le­rin­de hem tä­ze dur­muş ke­ma­la gel­ýär. Mu­ňa ýur­du­my­zyň gün­ba­tar se­bi­tin­dä­ki Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Ser­dar et­ra­byn­da “Ar­kaç” ge­ňeş­li­gi­niň çä­gin­de gur­lan tä­ze, döw­re­bap Ro­waç at­ly oba hem aý­dyň­lyk bi­len şa­ýat­lyk ed­ýär.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi Ý.Gy­ly­jow bu döw­re­bap oba­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy. Tä­ze oba­nyň gu­rul­ma­gy “Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­lar­da­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça 2020-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin re­je­le­nen gör­nüş­dä­ki Mil­li mak­sat­na­ma­sy­ny” dur­mu­şa ge­çir­me­giň ýo­lun­da ýe­ne-de bir äh­mi­ýet­li ädim bol­dy.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, şu mak­sat­na­ma­nyň çäk­le­rin­de se­bit­ler­de döw­re­bap dur­muş-yk­dy­sa­dy dü­zü­mi ke­ma­la ge­tir­mä­ge iri ma­ýa go­ýum­la­ry gö­nük­di­ril­ýär. Şol dü­züm bol­sa türk­me­nis­tan­ly­la­ryň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy, dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­ti üçin has amat­ly şert­le­ri üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.
Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň çäk­le­rin­de gur­lan tä­ze oba­da üç we dört otag­ly ka­şaň jaý­la­ryň je­mi 268-si gu­rul­dy. Tä­ze jaý­la­ra gö­çüp ba­ran bag­ty­ýar maş­ga­la­lar da­ba­ra gat­na­şan myh­man­la­ry duz-çö­rek bi­len gar­şy­la­dy­lar. Jaý­la­ryň gur­lu­şy­gyn­da oba dur­mu­şy­nyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry hem-de türk­men maş­ga­la­sy­nyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­nyň öz­bo­luş­ly däp­le­ri göz öňün­de tu­tul­dy. Bu ýer­de mel­lek ýer­le­ri, mal sak­la­mak üçin ýa­tak­lar, bas­syr­ma hem bar. Bir söz bi­len aý­dy­lan­da, ýa­şa­mak üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­di. Eý­wan, giň we ýag­ty otag­lar, en­jam­laş­dy­ry­lan aş­ha­na, ga­raž hem-de beý­le­ki ze­rur in­že­ner-teh­ni­ki ul­gam­lar göz öňün­de tu­tul­dy.
Bu ýer­de gur­lan, iň tä­ze ýö­ri­te­leş­di­ri­len en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len Sag­lyk öýi, kör­pe­le­riň 160-sy­na ni­ýet­le­nen ça­ga­lar ba­gy, ga­py­la­ry­ny giň­den açan, 320 okuw­ça ni­ýet­le­nen mek­dep oba ila­ty­nyň buý­san­jy­na öw­rül­di.
Mun­dan baş­ga-da, tä­ze oba­nyň ýa­şaý­jy­la­ry üçin aja­ýyp Me­de­ni­ýet öýi, söw­da mer­ke­zi, Hyz­mat­lar öýi, Ge­ňeş­li­giň bi­na­sy, 360 bel­gä ni­ýet­le­nen aw­to­mat-te­le­fon beketli ara­gat­na­şyk bö­lü­mi, azyk ha­ryt­la­ry dü­ka­ny, güý­jen­me­si 35 KWt bo­lan elekt­rik pods­tan­si­ýa­sy, kuw­wa­ty gi­je-gün­diz­de 1000 kub metr su­wa ba­ra­bar bo­lan suw aras­sa­laý­jy des­ga gu­rul­dy. Şeý­le hem oba­da met­jit bi­na edil­di.
Bir söz bi­len aý­dy­lan­da, bu ýer­de bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş, ila­tyň iş bi­len meş­gul­lan­ma­gy, boş wag­ty­ny me­de­ni­ýet­li ge­çir­me­gi, ara­gat­na­şy­gyň hä­zir­ki za­man gör­nüş­le­ri­ne el­ýe­ter­li­li­giň üp­jün edil­me­gi ba­bat­da adam­la­ryň äh­li amat­lyk­la­ryň hö­zi­ri­ni gö­rüp ýa­şa­ma­gy üçin hem­me şert­ler dö­re­dil­di.
Türk­me­nis­tan­ly­la­ry has oňaý­ly we otag­la­ry­nyň ýer­le­şi­şi go­wu­lan­dy­ry­lan ýa­şa­ýyş jaý­la­ry bi­len üp­jün et­mek hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­my­zy 2019-2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­nyň ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri­dir. “Türk­me­nis­tan – ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny” diý­lip yg­lan edi­len şu ýy­lyň do­wa­myn­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da Ahal we­la­ýa­ty­nyň do­lan­dy­ryş mer­ke­zi­niň–Gök­de­pe et­ra­by­nyň çä­gin­de ýo­ka­ry dep­gin­de gu­rul­ýan tä­ze şä­he­riň, Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Ser­dar et­ra­by­nyň çä­gin­de, “Al­tyn asyr” Türk­men kö­lü­niň go­la­ýyn­da tä­ze nus­ga­da­ky dur­muş-önüm­çi­lik top­lu­my­nyň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga be­ril­me­gi bel­lär­lik­li­dir. Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Çär­jew, Sa­ýat, Ha­laç hem-de Ker­ki et­rap­la­ryn­da, Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Türk­men­ga­la, Sa­kar­çä­ge we We­kil­ba­zar et­rap­la­ryn­da tä­ze, döw­re­bap şä­her­çe­le­riň düý­bi tu­tul­dy. Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky et­ra­byn­da ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň hem-de dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň iri top­lu­my gur­lar. Şo­la­ryň äh­li­si hä­zir­ki döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, oba­da ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, şä­her­dä­ki ýa­ly, äh­li dur­muş amat­lyk­la­ry­ny dö­ret­mek işin­de esa­sy gör­ke­zi­ji­le­riň aý­dyň my­sa­ly­dyr.
***
Şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tab­şyr­ma­gy bo­ýun­ça Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­ki­mi Ş.Dur­dy­ly­ýew paý­tag­ty­my­zyň gü­nor­ta-gün­do­ga­ryn­da­ky Pa­ra­hat–7/3 ýa­şa­ýyş top­lu­myn­da köp gat­ly jaý­la­ryň dör­dü­si­niň ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi my­na­sy­bet­li da­ba­ra­la­ra gat­naş­dy.
Köp gat­ly jaý­la­ryň dör­dü­sin­den üçü­si­niň her bi­ri 54 ho­ja­ly­ga hem-de bi­ri 108 ho­ja­ly­ga ni­ýet­le­nen­dir. Şeý­le­lik­de, Tä­ze ýy­lyň bo­sa­ga­syn­da Aş­ga­bat­da maş­ga­la­la­ryň 270-si oňaý­ly öý­le­riň açar­la­ry­ny al­dy­lar. Şol öý­ler otag­la­ry­nyň ýer­le­şi­şi­niň amat­ly­ly­gy, döw­re­bap en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len aş­ha­na­la­ry bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Şeý­le hem bu ýer­de kö­mek­çi otag­lar we beý­le­ki­ler göz öňün­de tu­tul­dy. Öý­le­riň be­zeg­le­rin­de döw­re­bap gur­lu­şyk we be­zeg se­riş­de­le­ri ula­nyl­dy. Mu­ňa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aý­ra­tyn üns ber­ýär. Tä­ze jaý­la­ry gu­ran pot­rat­çy­lar onuň ýa­na­şyk ýer­le­ri­niň aba­dan­laş­dy­ryl­ma­gy ba­ra­da hem ala­da et­di­ler. Bu ýer­de de­giş­li dur­muş dü­züm­le­ri dö­re­dil­di, ulag ýo­ly, yşyk­lan­dy­ryş ul­ga­my çe­kil­di, bag­lar we gül­ler ekil­di.
Da­ba­ra­nyň do­wa­myn­da iň oňat gur­lu­şyk­çy­la­ra gym­mat ba­ha­ly sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy. Paý­tag­ty­my­zyň hä­kim­li­gi­niň ýol­baş­çy­la­ry öý eýe­le­ri­ni gut­lap, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň adyn­dan gym­mat ba­ha­ly sow­gat­la­ry­ny gow­şur­dy­lar.
Jaý­la­ryň öňün­dä­ki meý­dan­ça­da gur­na­lan owa­dan Tä­ze ýyl ar­ça­sy­nyň ýa­nyn­da saz­ly, şow­hun­ly, tans­ly çy­kyş­lar ýaý­baň­lan­dy­rylyp, Tä­ze ýy­la, bag­ty­ýar döw­rü­mi­ze hem-de hal­ky­my­zyň eş­ret­li dur­muş­da ýa­şa­ma­gy üçin äh­li iş­le­ri ama­la aşyr­ýan mil­li Li­de­ri­mi­ze ba­gyş­la­nan aý­dym­lar we şy­gyr­lar ýaň­lan­dy.
Pa­ra­hat–7/3 ýa­şa­ýyş top­lu­my­nyň tä­ze des­ga­la­ry­nyň ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň — döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň sy­ýa­sa­ty­nyň da­ba­ra­lan­ýan döw­rü­niň aja­ýyp ny­şa­ny­na öw­rül­di. Şol sy­ýa­sa­tyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry bol­sa hal­ky­my­zyň my­na­syp dur­mu­şy üçin hem­me şert­le­riň dö­re­dil­me­gi bo­lup dur­ýar.