Eziz wa­tan­daş­lar!
Mäh­ri­ban hal­kym!
“Türk­me­nis­tan – ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny” diý­lip yg­lan edi­len 2019-njy ýyl ta­mam­la­nyp bar­ýar. Ýe­ne az wagt­dan biz 2019-njy ýyl bi­len hoş­la­şyp, Tä­ze – 2020-nji ýy­ly gar­şy­la­rys. Ge­çip bar­ýan ýyl mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň dur­mu­şyn­da dü­şüm­li ýyl­la­ryň bi­ri bol­dy. Biz ro­waç­ly­gyň, zäh­met ýe­ňiş­le­ri­niň ýy­ly bi­len hoş­laş­ýa­rys. Tä­ze ýy­lyň gar­şy alyn­ýan, bi­rek-bi­re­ge go­wy ar­zuw­la­ryň aý­dyl­ýan pur­sa­dyn­da si­ziň äh­li­ňi­zi Tä­ze – 2020-nji ýyl bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn! Tä­ze ýyl­da hem si­ze üs­tün­lik­le­riň hem­ra bol­ma­gy­ny ar­zuw ed­ýä­rin!
Tä­ze, 2020-nji ýyl – türk­me­niň mü­çe ha­sa­byn­dan sy­çan ýy­ly. Sy­ça­nyň esa­sy hä­si­ýe­ti zäh­met­sö­ýer­lik, işeň­ňir­lik, kyn­çy­lyk­dan gork­maz­lyk, tö­wek­gel­lik bo­lup, ol ar­man-ýa­da­man iş­le­ýän jan­dar. Şo­nuň üçin hem sy­çan ýy­lyn­da bol ha­sy­la ga­ra­şyl­ýar. Mäh­ri­ban hal­ky­myz 2020-nji ýy­ly uly ynam bi­len gar­şy­la­ýar.
2019-njy ýyl­da biz il-ýurt bäh­bit­li öz­gert­me­le­ri ama­la aşyr­dyk. Giň ge­rim­li iş­le­re ba­dal­ga ber­dik. “Türk­me­nis­tan – ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny” ýy­lyn­da Ahal we­la­ýa­tyn­da te­bi­gy gaz­dan eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ben­zin ön­dür­ýän dün­ýä­de ýe­ke-täk za­wo­dy işe gi­riz­dik.
Paý­tag­ty­myz­da we äh­li se­bit­ler­de tä­ze mek­dep­le­ri, ça­ga­lar bag­la­ry­ny, kö­çe­le­ri, köp san­ly beý­le­ki des­ga­la­ry aç­dyk. Bag­ty­ýar maş­ga­la­la­ryň müň­ler­çe­si has oňaý­ly ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň toý­la­ry­ny tut­du­lar. Suw aras­sa­laý­jy des­ga­lar, ýy­la­dyş­ha­na top­lum­la­ry, beý­le­ki des­ga­lar açy­lyp, müň­ler­çe tä­ze iş orun­la­ry dö­re­dil­di.
2019-njy ýyl tu­tum­ly iş­le­riň ba­şy baş­la­nan ýyl hök­mün­de-de ýat­da ga­lar. Biz ýo­ka­ry tiz­lik­li Aş­ga­bat – Türk­me­na­bat aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga ber­dik. Ahal we­la­ýa­ty­nyň do­lan­dy­ryş mer­ke­zi­niň düý­bü­ni tut­duk. “Al­tyn asyr” Türk­men kö­lü­niň se­bi­tin­dä­ki “Ak­ýaý­la” suw how­da­ny­nyň tö­we­re­gin­de dur­muş-önüm­çi­lik top­lu­my­nyň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga ber­dik.
Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň ikin­ji mej­li­sin­de biz döw­let hä­ki­mi­ýe­ti­niň ka­nun çy­ka­ry­jy we­kil­çi­lik­li eda­ra­sy­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek bi­len bag­ly we­zi­pe­le­ri kes­git­le­dik. Ýur­du­my­zy 2020-nji ýyl­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry­ny ma­kul­la­dyk.
Biz Tä­ze ýyl Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de döw­let dur­mu­şy­nyň örän mö­hüm me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­la­şa­rys.
Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň oba ho­ja­ly­gyn­da düýp­li öz­gert­me­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Mer­da­na daý­han­la­ry­myz be­re­ket­li türk­men top­ra­gyn­dan şu ýyl hem bol ha­syl ön­dü­rip, Wa­tan har­ma­ny­na 1 mil­li­on 651 müň ton­na­dan gow­rak bug­daý, 1 mil­li­on 60 müň ton­na­dan hem köp “ak al­tyn” tab­şy­ryp, şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler. Mi­we, gök-bak­ja önüm­le­ri­niň, beý­le­ki ir-iý­miş­le­riň hem bol ha­sy­ly ön­dü­ril­di.
Eziz wa­tan­daş­lar!
Mäh­ri­ban hal­kym!
Biz Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň mil­li sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny dö­ret­dik. “Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen şy­ga­ry­my­za la­ýyk­lyk­da, paý­tag­ty­myz­da we se­bit­ler­de sag­ly­gy go­ra­ýyş mak­sat­ly bi­na­la­ryň we des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýar. Hal­ky­my­zyň sag­ly­gy döw­le­ti­mi­ziň baş baý­ly­gy­dyr. Şo­ňa gö­rä-de, biz köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni, olim­pi­ýa he­re­ke­ti­ni, spor­ty ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn üns ber­ýä­ris.
Aş­ga­bat­da Olim­pi­ýa şä­her­çe­si he­re­ket ed­ýär. Biz bu ýer­de 2017-nji ýyl­da V Azi­ýa oýun­la­ry­ny, 2018-nji ýyl­da Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­ny ge­çir­dik. Ne­sip bol­sa, Tä­ze ýyl­da Fut­zal bo­ýun­ça Azi­ýa çem­pio­na­ty­ny, Ten­nis bo­ýun­ça De­wi­siň Ku­bo­gy ug­run­da­ky hal­ka­ra ýa­ry­şy we Sam­bo bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­ny ge­çi­re­ris.
Biz bi­lim ul­ga­my­ny has-da ös­dür­mä­ge, berk be­den­li, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly ýaş nes­li ke­ma­la ge­tir­mä­ge uly äh­mi­ýet ber­ýä­ris.
Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň ösü­şi, hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy ylym bi­len hem berk bag­ly­dyr. Saz­la­şyk­ly ös­ýän kuw­wat­ly döw­let hök­mün­de ata Wa­ta­ny­myz dün­ýä­niň yl­my gi­ňiş­li­gi­ne üs­tün­lik­li go­şul­ýar.
Biz Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy we­zi­pe­le­ri­ni anyk kes­git­le­dik. Ga­raş­syz ýur­du­my­zyň dün­ýä­dä­ki or­nu­ny has-da ber­kit­me­gi, beý­le­ki döw­let­ler we hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len öza­ra gat­na­şyk­la­ry hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kar­ma­gy mak­sat edin­ýä­ris.
Ýur­du­my­zyň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­syn­da uly gol­daw tap­ýar. Ge­çip bar­ýan ýyl­da ýur­du­my­zyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň dür­li dü­züm­le­ri­ne saý­lan­ma­gy hem mu­nuň aý­dyň my­sa­ly­dyr.
Şu ýy­lyň 28-nji ma­ýyn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça bu gu­ra­ma bi­len Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da­ky Ka­rar­na­ma­ny, sent­ýabr aýyn­da bol­sa 2021-nji ýy­ly “Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly” di­ýip yg­lan et­mek ha­kyn­da Ka­rar­na­ma­ny ka­bul et­di.
Bu gu­ra­ma bi­len hyz­mat­daş­lyk et­mek hal­ka­ra sy­ýa­sa­ty­my­zyň stra­te­gik ug­ru­dyr we şeý­le bol­ma­gyn­da ga­lar.
Türk­me­nis­tan 2019-njy ýyl­da Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­na hem baş­lyk­lyk et­di. Bu dö­wür­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy we dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek bo­ýun­ça mak­sat­la­ry­my­za la­ýyk­lyk­da, gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çi­ri­len çä­re­ler Türk­me­nis­ta­nyň Ar­ka­la­şy­gyň ýurt­la­ryn­da­ky ab­ra­ýy­ny has-da art­dyr­dy.
Aw­gust aýyn­da biz bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­ny, onuň çäk­le­rin­de Ha­zar in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar bo­ýun­ça hal­ka­ra ser­gi­si­ni, şeý­le hem “Türk­men säh­ra­sy – 2019” at­ly hal­ka­ra aw­to­ser­gi­si­ni ge­çir­dik. Bu mö­hüm çä­re­ler Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň hyz­mat­daş­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýe bol­dy.
Biz mun­dan beý­läk-de hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len ar­ka­la­şyk­ly iş­lä­ris. Dün­ýä­niň dür­li döw­let­le­ri bi­len gat­na­şyk­la­ry­my­zy yzy­gi­der­li ös­dü­re­ris. Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä gi­ňiş­li­gin­dä­ki or­nu­ny we ab­ra­ýy­ny has-da ber­ki­de­ris.
Eziz wa­tan­daş­lar!
Mäh­ri­ban hal­kym!
2020-nji ýyl­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň “Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy ha­kyn­da­ky” Re­zol­ýu­si­ýa­ny ka­bul ede­ni­ne 25 ýyl dol­ýar. Bu ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma ta­ra­pyn­dan iki ge­zek yk­rar edi­len he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­myz bi­ziň be­ýik gym­mat­ly­gy­myz­dyr. Pa­ra­hat­çy­ly­gy, dost­lu­gy, yn­san­per­wer­li­gi, hyz­mat­daş­ly­gy we ösü­şi da­ba­ra­lan­dyr­ýan tag­ly­ma­ty­myz­dyr.
Dün­ýä bi­le­le­şi­gi ýur­du­my­zyň oňyn Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär. 2017-nji ýyl­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy 12-nji de­kab­ry “Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni” di­ýip yg­lan et­mek ha­kyn­da­ky Re­zol­ýu­si­ýa­ny ka­bul et­di. Bu bol­sa bi­ziň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­my­zyň dün­ýä­de uly gol­daw tap­ýan­dy­gy­ny ýe­ne-de bir ge­zek aý­dyň gör­kez­di. Ne­sip bol­sa, biz 2020-nji ýyl­da ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 25 ýyl­ly­gy­ny giň­den bel­läp ge­çe­ris.
Hor­mat­ly wa­tan­daş­lar!
2019-njy ýyl­da mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­zi ös­dür­mek, mi­ra­sy­my­zy go­rap sak­la­mak hem-de wa­gyz et­mek bo­ýun­ça hem ne­ti­je­li iş­ler ama­la aşy­ryl­dy. 2019-njy ýyl­da türk­men mil­li ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty­nyň ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi bi­ziň bu ugur­da alyp bar­ýan iş­le­ri­mi­ziň aý­dyň my­sa­ly­dyr. Gel­jek­de hem ru­hy baý­ly­gy­myz bo­lan me­de­ni­ýe­ti­mi­zi ös­dür­mä­ge uly üns be­re­ris.
Biz 2020-nji ýy­ly “Türk­me­nis­tan – Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny” di­ýip yg­lan et­dik.
Hor­mat­ly adam­lar!
Biz hal­ky­my­zyň hal-ýag­da­ýy­ny, ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, Tä­ze ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­dan býu­jet­den ma­li­ýe­leş­di­ril­ýän eda­ra­la­ryň, ho­ja­lyk ha­sap­la­şy­gyn­da­ky kär­ha­na­la­ryň we jem­gy­ýet­çi­lik bir­le­şik­le­ri­niň iş­gär­le­ri­niň aý­lyk zäh­met hak­la­ry­nyň, pen­si­ýa­la­ryň we döw­let kö­mek pul­la­ry­nyň, ta­lyp we diň­leý­ji hak­la­ry­nyň möç­ber­le­ri­ni 10 gö­te­rim ýo­kar­lan­dyr­ýa­rys. Şu sy­ýa­sa­ty­my­zy biz yzy­gi­der­li alyp ba­ra­rys.
Eziz wa­tan­daş­lar!
Mäh­ri­ban hal­kym!
Ýe­ne-de az sa­lym­dan biz Tä­ze – 2020-nji ýy­ly gar­şy al­ýa­rys. Goý, Tä­ze ýyl pa­ra­hat­çy­ly­gyň, aba­dan­çy­ly­gyň, bag­ty­ýar­ly­gyň, uly üs­tün­lik­le­riň hem-de rys­gal-be­re­ke­diň ýy­ly bol­sun! Tä­ze ýyl­da si­ziň maş­ga­la ojak­la­ry­ňyz­da ag­zy­bir­lik we asu­da­lyk hö­küm sür­sün!
Eziz wa­tan­daş­lar!
Tä­ze – 2020-nji ýy­ly­ňyz gut­ly bol­sun!