Täze, 2020-nji ýyl ýurdumyzyň durmuşyna dürli öwüşginler bilen girip, ähli türkmenistanlylara, aýratyn-da, çagalara şatlykly täsirleri peşgeş berdi, olaryň baýramçylyk çäreleri dowam edýär.
Baýramçylyk günlerinde paýtagtymyz owadan keşbe girdi. Agşamky şäher hakyky ertekä öwrüldi.
“Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” diýen şygar astynda geçen hem-de milli ösüşde, şeýle hem dünýä giňişliginde Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň ornuny berkitmekde nobatdaky uly üstünliklere beslenen 2019-njy ýyl uly üstünlikler bilen ugradyldy. 2020-nji ýylyň şygary “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýlip, yglan edildi.
Täze ýylyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde guralan medeni çäreler, sergiler we konsertler, sahnalaşdyrylan çykyşlar we çagalar oýunlary Täze ýyly garşylamak üçin ajaýyp sebäp boldy, hemişe bolşy ýaly, ýurdumyzyň Baş arçasy oturdylan “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança esasy Täze ýyl dabaralarynyň merkezine öwrüldi. 31-nji dekabrda agşam bu ýer köp adamly boldy. Meýdançada gurnalan sahnada Täze ýyla bagyşlanan döredijilik eserleri bilen köpçüligi begendiren meşhur estrada aýdymçylarynyň, ussatlaryň we parlak ýyldyzlaryň gatnaşmagynda aýdym-sazly şüweleň ýaýbaňlandyryldy. Tansly çykyşlar we joşgunly aýdymlar ýaňlandy. Meşhur “Aşgabat”, “Meňli” tans toparlarynyň hem-de Döwlet tans toparynyň tanslary aýdymçylaryň çykyşlary bilen utgaşdy. Konsert iki sagada golaý dowam etdi hem-de tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmagy bilen ähli artistleriň ýerine ýetirmeginde “Hoş geldiň, Täze ýyl!” aýdymy bilen tamamlandy.
Dabaranyň alypbaryjysy däbe öwrülen baýramçylyk teleköprüsiniň, Täze ýyl gijesi türkmen paýtagtyny ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň dolandyryş merkezleri bilen birleşdirýän çäräniň başlanýandygyny yglan etdi. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň wekilleri baýramçylyk dabarasyna goşulyp, milli Liderimizi Täze ýyl baýramçylygy bilen gutladylar. Baýramçylyk mynasybetli, gutlaglardan we goşgulardan soňra baýramçylyk çykyşlary ýaýbaňlandy. Göni teleköprini Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynyň – Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary jemlediler. Şowhunly, köp mähelleli meýdança ümsümlik aralaşdy – hemmeleriň ünsi teleekranlara gönükdi: hormatly Prezidentimiz göni ýaýlymda Türkmenistanyň halkyna Täze ýyl Gutlagy bilen ýüzlendi.
Döwlet Baştutanymyz halkymyzy Täze, 2020-nji ýylyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, bu ýylda hemmelere üstünligiň hemra bolmagyny arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz öz Gutlagynda geçen ýylyň esasy wakalaryny, şol sanda ýokary tizlikli Aşgabat–Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygyny, Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň düýbüni tutmak, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň sebitindäki “Akýaýla” suw howdanynyň töwereginde durmuş-önümçilik toplumynyň gurluşygy ýaly iri taslamalaryň amala aşyrylmagyna badalga berilmegini mysal getirdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryny gysgaça häsiýetlendirip, 2020-nji ýyly garşylaýan pursadymyzda içeri we daşary syýasatymyzyň netijelerine uly baha berdi.
Milli Liderimiz sözüniň ahyrynda “Goý, Täze ýyl parahatçylygyň, abadançylygyň, bagtyýarlygyň, uly üstünlikleriň hem-de rysgal-berekediň ýyly bolsun! Täze ýylda siziň maşgala ojaklaryňyzda agzybirlik we asudalyk höküm sürsün!” diýip belledi.
Birnäçe wagtdan sagadyň dilleri bir nokatda birleşdi. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Soňra baýramçylyk feýerwerki nurana asmanymyzy bezedi. Täze ýyl täze gadamlar bilen türkmen topragyna gadam basyp, “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň töweregini dürli yşyklar bilen ýagtylandyrdy. Baýramçylyk feýerwerkinden soň, hormatly Prezidentimiziň sözlerine onuň agtygy Kerim Berdimuhamedowyň sazyny ýazan “Arzuw” aýdymynyň ýaňlanmagy hemmeler üçin ýakymly täzelik boldy. Bu aýdym ilkinji gezek bir ýyl mundan öň ýaňlanypdy we şondan soň, ol biziň ähli arzuw-hyýallarymyzyň hökman amala aşjakdygynyň buşlukçysyna öwrüldi.