Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň körpe nesilleriniň döwrebap ýetişdirilmegi ugrunda irginsiz aladalar edilýär. Olaryň mekdep döwründe kämil bilim almagy, dynç alyş döwründe bolsa, göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertler döredilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň mekdeplerinde gyşky dynç alyş möwsümi başlandy. Bu döwürde çagalar ýurdumyzyň dürli künjeginde döredilen dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde dynç alýarlar.
Golaýda paýtagtymyzyň Çagalar we ýetginjekler köşgünde ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen çagalary Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän Gökderedäki dynç alyş-sagaldyş merkezlerine gyşky dynç alşa ugratmak dabarasy boldy. Bu ýere ýygnananlar ösüp gelýän nesliň sazlaşykly kemala gelmegi, ähli ýerlerde döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriň, sport we sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň gurulmagy barada edýän yzygiderli aladasy üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Ýurdumyzyň Bilim, Sport we ýaşlar syýasaty, Medeniýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri dürli maksatnamany işläp taýýarladylar. Şonda sport ýaryşlary we döredijilik bäsleşikleri, sungat ussatlary bilen duşuşyklar hem-de muzeýlere we teatrlara gezelençler, sahna çykyşlaryny hem-de şygryýet agşamlaryny guramak göz öňünde tutuldy.
Okuwçylar üçin dürli ugurlar boýunça gurnaklary, kompýuter programmalaryny we daşary ýurt dillerini öwrenmek boýunça okuwlary, işjeň we öwreniş dynç alyşlary guralar. Şunda olara ýokary okuw mekdeplerinde terbiýeçilik hünärleri boýunça bilim alýan talyplar hem ýardam eder. Mahlasy, Gökdere olar üçin hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmakda oňat tejribe bolar.
Şeýle hem çagalar üçin paýtagtymyza – Döwlet muzeýine, “Älem” medeni-dynç alyş merkezine, “Aşgabat” seýilgähine we beýleki ýerlere gezelençler guralar. Bularyň hemmesi hormatly Prezidentimiziň türkmenistanlylaryň geljekki nesliniň saglygyna we ösüşine yzygiderli üns berilmegi netijesinde mümkin boldy.