Ýur­du­myz­da Tä­ze, 2020-nji ýy­lyň baş­lan­ýan gü­ni il­kin­ji dün­ýä inen bä­be­giň ene-ata­la­ry­na hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň adyn­dan sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy we mil­li Li­de­ri­mi­ziň aý­dan bagt­ly dur­muş, sag­dyn­lyk we aba­dan­çy­lyk ba­ra­da­ky ar­zuw­la­ry aý­dyl­dy. Bu kör­pe­je Enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­ýyş yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zin­de Tä­ze ýy­lyň il­kin­ji pur­sat­la­ryn­da dün­ýä in­di. Mer­ke­ziň iş­gär­le­ri­niň ha­bar be­riş­le­ri ýa­ly, ça­ga­nyň we enä­niň sag­lyk ýag­da­ýy ka­na­gat­la­nar­ly. Dog­lan og­lan­jy­gyň ag­ra­my 3 ki­log­ram 610 gram, bo­ýy 52 san­ti­metr. Bä­be­ji­ge Me­kan diý­lip at go­ýul­dy.
Ça­ga­nyň bag­ty­ýar ene-ata­la­ry– An­na­ýew­le­riň maş­ga­la­sy ça­ga­ny we ene­li­gi gol­da­mak bo­ýun­ça dur­muş ul­ga­my­ny na­zar­la­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­ny alyp bar­ýan­dy­gy, ösüp bar­ýan ýaş ne­sil­ler ha­kyn­da ala­da ed­ýän­di­gi üçin mil­li Li­de­ri­mi­ze tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk söz­le­ri­ni aýt­dy­lar. Mu­nuň özi, ola­ryň kal­byn­da mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­za bo­lan buý­sanç duý­gu­la­ry­ny bes­le­ýär.