Şu ýylyň 24-25-nji fewralynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2020” atly halkara forumynyň nobatdakysy geçiriler. Bu halkara çäresini “Türkmengaz” döwlet konserni, “Türkmennebit” döwlet konserni, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy bilen bilelikde “Türkmen forum” kompaniýasy guraýar. Bu barada “Türkmen forum” kompaniýasynyň metbugat beýannamasynda bellenilip geçilýär.
Dubaý şäherindäki “Hyatt Regency Dubai Creek Heights” myhmanhanasynda geçiriljek forum Türkmenistanyň uglewodorod serişdeleriniň durnukly ösüşi boýunça sebit gepleşikleriň dowam etdirilmegi we dürli derejedäki pikir alyşmalarda maýa goýum taslamalaryny anyklaşdyrmak arkaly ýurdumyzyň energetika pudagyna daşary ýurt maýalarynyň çekilmegi üçin işlenip düzüldi.
Nebitgaz pudagyny ösdürmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda Türkmenistanda nebit we tebigy gaz öndürmek we gaýtadan işlemek babatda uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny netijeli ulanmak, nebithimiýa senagatyna maýa goýumlary goýmak, durnukly ykdysady ösüş üçin örän möhümdir. Bu strategiýany netijeli durmuşa geçirmek üçin nebit we tebigy gazy gaýtadan işlemek, döwrebap tehnologiýaly täze taslamalary ulanmaga bermek, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmak babatda degişli işleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar we ol hem içerki bazaryň islegini kanagatlandyrmak hem-de täze eksport ugurlaryny açmak üçin nebit we tebigy gazyň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer.
Dubaý şäherinde geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2020” atly halkara forumy nebitgaz pudagyndaky maýa goýum mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilik berer. Bu foruma 20-den gowrak döwletden hökümet wekilleri, 100-den gowrak kompaniýadan we guramalardan 300 töweregi wekiliýetiň gatnaşmagyna garaşylýar. Çäre pudaklaýyn žurnallar, gazetler we web-saýtlar ýaly 15-den gowrak ýöriteleşdirilen köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly dünýä jemgyýetçiligine ýetiriler.
Bu halkara forum barada “www.ogt-turkmenistan.com” internet sahypasyndan has giňişleýin maglumat alyp bolar.
Oguljan REJEPOWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.