Hytaýyň ykjam telefon öndürýän belli kompaniýasy “Oppo” smart telewizor önümçiligine hem girişmegi meýilleşdirýär. Hytaýyň kompaniýasy bu önümçiligi ýola goýmak bilen haryt görnüşleriniň gerimini giňeltmegi maksat edinýär. Bu barada “Oppo” kompaniýasynyň wekilleri öz çykyşlarynda belläp geçdiler. Kompaniýanyň wekilleri öz önümleriniň görnüşlerini artdyrmak bilen has köp müşderä hyzmat etmegi meýilleşdirýändiklerini bellediler. Golaýda bu kompaniýa ykjam telefonlaryň ýakynda olar üçin zerur bolan dürli elektron enjamlaryň önümçiligine hem girişdiler.
Soňky ýyllarda smart telewizor önümçiligine girişen kompaniýalaryň sany barha artýar. Bu, esasan hem, smartfon öndürýän kompaniýalara degişlidir. Telefon bazarynyň öňdebaryjy kompaniýalaryndan “Xiaomi”, “Huawei”, “Motorola”, “Honor” we hatda “Nokia” hem smart telewizor önümçiligine başlady. “Nokia” kompaniýasy bu ugurdaky önümçiligini Hindistanda alyp barýar. Bilermenleriň aýtmagyna görä, “Oppo TV” telewizorlaryň 2020-nji ýylyň dowamynda bazara çykjakdygy mälim edilýär. Soňky 10 ýyldan bäri ykjam telefonlary öndürip gelýän “Oppo” kompaniýasy bu bazarda öňdebaryjylaryň hatarynda bolup, dünýäniň 4-nji uly kompaniýasydyr.
Çary TIRKEŞOW,
talyp.