Mä­lim bol­şy ýa­ly, şu ýy­lyň tom­sun­da Ýa­po­ni­ýa­da Olim­pi­ýa oýun­la­ry ge­çi­ri­ler. Sport dün­ýä­si­niň iň ýör­gün­li ýa­ryş­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýan to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na has köp ja­han­keş­de çek­mek üçin de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýa­po­ni­ýa­nyň öň­de­ba­ry­jy awia­kom­pa­ni­ýa­sy bolan “Ja­pan Air­li­nes” Olim­pi­ýa we Pa­rao­lim­pi­ýa oýun­la­ry döw­rün­de da­şa­ry ýur­duň ra­ýat­la­ry­na içer­ki gat­naw­lar üçin 50 müň mugt awia­pe­tek paý­la­ma­gy mak­sat edin­ýär. Bu ba­ra­da çap edi­len bil­di­ri­şe gö­rä, 1-nji iýul–30-njy sent­ýab­r ara­ly­gyn­da da­şa­ry ýurt­ly ja­han­keş­de­ler içer­ki gat­naw­lar üçin To­kio, Osa­ka we Kan­saý hal­ka­ra howa men­zil­le­rin­den mugt awia­pe­tek hyz­ma­tyn­dan peý­da­la­nyp bi­ler­ler. Awia­kom­pa­ni­ýa 2020-nji ýy­lyň few­ral aýy­nyň ahy­ryn­da ýe­ňil­lik­li pe­tek­ler üçin ýüz tut­ma­la­ry ka­bul edip baş­lar.
“Ja­pan Air­li­nes” awia­kom­pa­ni­ýa­sy bu ugur­da Ýa­po­ni­ýa­nyň sy­ýa­hat­çy­lyk agent­lik­le­ri bi­len hyz­mat­daş­lyk edip, ja­han­keş­de­le­ri ýur­duň ýer­li sy­ýa­hat­çy­lyk ýer­le­ri ba­ra­da mag­lu­mat al­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­ret­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. XXXII to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry Ýa­po­ni­ýa­nyň paý­tag­ty To­kio­da 2020-nji ýy­lyň 24-nji iýu­lyn­da baş­lap, 9-njy aw­gus­tyn­da ta­mam­la­nar. Şeý­le hem bu oýun­la­ryň yzy­sü­re 25-nji aw­gust–6-njy sent­ýabr ara­ly­gyn­da bol­sa Pa­rao­lim­pi­ýa oýun­la­ry ge­çi­ri­ler. Bil­şi­miz ýa­ly, 1964-nji ýyl­da Olim­pi­ýa oýun­la­ry To­kio­da ge­çi­ri­lip­di. To­kio bu oýun­la­ry ka­bul eden Azi­ýa­nyň il­kin­ji şä­he­ri­dir. 56 ýyl­dan soň­ra Ýa­po­ni­ýa­da ikin­ji ge­zek şeý­le uly ýa­ryş ge­çi­ril­ýär. Oýun­la­ryň geçirilýän döw­rün­de To­kio şä­he­rin­de 25 des­ga ula­ny­lar. 17 des­ga To­kio şä­he­ri­niň da­şyn­da ýer­leş­ýär. Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­dan soň­ra bu des­ga­lar dür­li köp­çü­lik­le­ýin çä­re­ler üçin ula­ny­lar.

Ilmyrat Ilýasow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň mugallymy.