Fut­zal bo­ýun­ça Azi­ýa çem­pio­na­ty­nyň il­kin­ji­si 1999-njy ýy­lyň 5–10-njy mar­ty ara­ly­gyn­da Ma­laý­zi­ýa­da ge­çi­ril­ýär. Oňa yk­ly­myň 9 ýy­gyn­dy­sy gat­na­şyp, olar 2 to­par­ça­da çy­kyş ed­ýär­ler. “A” to­par­ça­da Eý­ra­nyň, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň, Tai­lan­dyň, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň, Sin­ga­pu­ryň, “B” to­par­ça­da bol­sa, Ga­za­gys­ta­nyň, Ýa­po­ni­ýa­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň hem-de Ma­laý­zi­ýa­nyň ýy­gyn­dy­la­ry öza­ra du­şuş­ýar. Eý­ra­nyň ýy­gyn­dy­sy to­par­ça­da­ky 4 oýun­da 76 gol ge­çir­ýär. Olar gyr­gyz­la­ry 21–0, sin­ga­pur­ly­la­ry 36–0, ko­reý­le­ri 9–3 hem-de tai­land­ly­la­ry 10–1 ha­sap­lar bi­len ýeň­li­şe se­ze­war ed­ýär. Ne­ti­je­de, to­par­ça­da­ky oýun­lar­dan soň, “A” to­par­ça­dan Eý­ra­nyň, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň, “B” to­par­ça­dan bol­sa, Ga­za­gys­tan bi­len Ýa­po­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­la­ry ýa­rym fi­na­la çyk­ýar. Ýa­rym fi­nal­da Eý­ran Ýa­po­ni­ýa­ny 5–2 ýe­ňen bol­sa, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy Ga­za­gys­tan­dan 8–3 üs­tün çyk­ma­gy ba­şar­ýar.

Fi­na­lyň öňü­sy­ra­syn­da oý­na­lan üçün­ji­lik ug­run­da­ky Ýa­po­ni­ýa-Ga­za­gys­tan du­şu­şy­gy­nyň esa­sy wag­ty deň­lik­de ta­mam­lan­ýar (2–2). Pe­nal­ti­ler­de has us­sat­lyk gör­ke­zen Mer­ke­zi azi­ýa­ly­lar il­kin­ji çem­pio­na­tyň bü­rünç me­da­ly­na my­na­syp bol­ýar (4–3). Fi­nal du­şu­şy­gyn­da Eý­ra­nyň ýy­gyn­dy­sy to­par­ça­da 9–3 ha­sa­byn­da ýe­ňen gar­şy­da­şy­ny bu ge­zek 9–1 hasabynda ýeň­li­şe se­ze­war ed­ýär. Şun­luk­da, Eý­ra­nyň ýy­gyn­dy­sy yk­ly­myň il­kin­ji çem­pio­ny di­ýen ady eýe­le­ýär.

Çem­pio­nat­da 20 du­şu­şyk ge­çi­ri­lip, şo­lar­da 253 gol ha­sa­ba alyn­ýar. Du­şu­şyk­la­ryň hem­me­si-de Kua­la Lum­pur­da­ky “Ne­ga­ra” sta­dio­nyn­da oý­nal­ýar. 18 gol­dan ge­çi­ren eý­ran­ly fut­zal­çy­lar — Ka­zem Mo­ham­ma­di bi­len Re­za Re­zai Ka­mal çem­pio­na­tyň iň ne­ti­je­li hü­jüm­çi­le­ri bol­ýar.

ÇEMPION ÜÝTGEMEÝÄR

Fut­zal bo­ýun­ça Azi­ýa çem­pio­na­ty­nyň ikin­ji­si 2000-nji ýy­lyň 5–12-nji ma­ýyn­da Tai­land döw­le­tin­de ge­çi­ril­ýär. Ýe­ne-de 9 ýy­gyn­dy­nyň gat­na­şan çem­pio­na­ty­nyň du­şu­şyk­la­ry paý­tagt Bang­kok­da­ky “Ni­mi­butr” sta­dio­nyn­da oý­nal­ýar. Eý­ra­nyň, Ýa­po­ni­ýa­nyň, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň, Ma­kao­nyň ýy­gyn­dy­la­ry “A” to­par­ça­ny düz­se, Ga­za­gys­tan­dyr Tai­lan­dyň, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň hem-de Sin­ga­pu­ryň ýy­gyn­dy­la­ry “B” to­par­ça­da çy­kyş ed­ýär. 9 to­pa­ryň ara­syn­dan Ma­kao çem­pio­na­ta il­kin­ji ge­zek gat­na­şan ýy­gyn­dy bol­ýar. “A” to­par­ça­da Eý­ra­nyň ýy­gyn­dy­sy edil bir ýyl ozal­kysy ýa­ly uly ha­sap­lar bi­len bol­ma­sa-da äh­li du­şu­şy­gyn­da ýe­ňiş ga­zan­ýar. Ma­kao­ny 22–0 hasabynda utan eý­ran­ly­lar Ýa­po­ni­ýa­dan 6–2, Öz­be­gis­tan­dan 6–4, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň ýy­gyn­dy­syn­dan hem 10–1 hasaplar bilen üs­tün çyk­ýar. 3 du­şu­şy­gyn­da ýe­ňiş ga­za­nan ýa­pon­lar hem “A” to­par­ça­nyň ikin­ji ýa­rym fi­nal­çy­sy bol­ýar. “B” to­par­ça­da­ky iň ýat­da ga­lan ha­sap Ga­za­gys­ta­nyň ýy­gyn­dy­sy­nyň Sin­ga­pu­ryň mil­li to­pa­ry­ny 19–0 ut­ma­gy bol­ýar. Ne­ti­je­de, Ga­za­gys­tan 1-nji, Tai­land 2-nji ýe­ri eýe­läp, ýa­rym fi­na­la ýol­lan­ma al­ýar.

Ýa­rym fi­nal­da Eý­ra­nyň ýy­gyn­dy­sy Tai­lan­dy 8–2, Ga­za­gys­tan bol­sa, Ýa­po­ni­ýa­ny 9–6 ha­sap­lar bi­len ýeň­ýär. Çe­ke­le­şik­li ge­çen fi­nal oý­nun­da Eý­ra­nyň ýy­gyn­dy­sy Ga­za­gys­ta­ny 4–1 ha­sa­by bi­len ýe­ňip, 2-nji ýo­la yk­ly­myň iň ulu­sy bol­ma­gy ba­şar­ýar. Bü­rünç me­da­la Ýa­po­ni­ýa­ny 8–6 ýe­ňen ýer eýe­le­ri Tai­lan­dyň ýy­gyn­dy­sy my­na­syp bol­ýar. Ýa­pon­lar bas­syr 2-nji ge­zek 4-nji or­ny eýe­le­ýär.

Çem­pio­nat­da 20 du­şu­şyk­da 223 gol der­we­zä gi­ri­zil­ýär. Şol gol­la­ryň 11-si­ni öz ady­na ýaz­dy­ran tai­land­ly Therd­sak Çai­man çem­pio­na­tyň iň köp ta­pa­wut­la­nan fut­bol­çy­sy bol­ýar.