Dün­ýä­niň iň kyn­çy­lyk­ly ýa­ryş­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýan Da­kar Ral­li bäs­le­şi­gi­ne şu gün ba­dal­ga ber­ler. 42-nji ge­zek gu­ral­ýan ýa­ryş il­kin­ji ýo­la Sa­ud Ara­bys­ta­nyn­da ge­çi­ri­ler. Gy­zyl deň­ziň ke­na­ryn­da­ky Jid­de şä­he­rin­den bat al­jak ýa­ryş, 12 tap­gyr­dan soň, 17-nji ýan­war­da Kid­di­ýa şä­he­rin­de ta­mam­la­nar. Sü­rü­ji­ler umu­my­lyk­da 7500 ki­lo­metr­den gow­rak ýol ge­çer­ler. Tap­gyr­la­ryň ag­la­ba­sy çöl­lük ýol­lar­da bo­lup, kä­bir tap­gyr­lar kert ga­ýa­lyk­lar­da ge­çi­ri­ler. Sü­rü­ji­ler 5 gör­nüş ulag bi­len çy­kyş eder­ler. Ýag­ny ýa­ry­şa bu ýyl 147 mo­to­sikl sü­rü­ji­si, 23 ku­ad­ra­sikl sü­rü­ji­si, 89 ýe­ňil ulag sü­rü­ji­si, 45 ýük ula­g sü­rü­ji­si hem-de 47 sa­ny UTV ulag­la­ry­nyň sü­rü­ji­si, je­mi 351 sü­rü­ji gat­na­şar. Çy­kyş et­jek sü­rü­ji­le­riň ara­syn­da is­pa­ni­ýa­ly meş­hur sü­rü­ji Kar­los Saýns hem bo­lup, 57 ýaş­ly tür­ge­niň 2018-nji ýyl­da ga­za­nan üs­tün­li­gin­den soň, Da­kar Ral­li­sin­de çem­pi­on­lyk ga­za­nan iň ýa­şu­ly sü­rü­ji hök­mün­de ta­nal­ýar. Şeý­le-de ýa­ry­şa gat­naş­jak­la­ryň ara­syn­da ge­çen ýy­lyň çem­pio­ny ka­tar­ly Nas­ser Al-At­ti­ýa, fran­si­ýa­ly mo­to­sikl sü­rü­ji­si Si­ril Dep­re, Da­kar Ral­li­si­niň iň köp çem­pi­on bo­lan sü­rü­ji­si, fran­si­ýa­ly Ste­fan Pe­ter­han­sel, For­mu­la 1 sü­rü­ji­si Fer­nan­do Alon­so ýa­ly meş­hur­la­r hem bar.

Il­kin­ji ge­zek 1979-njy ýyl­da Pa­riž–Da­kar ara­ly­gyn­da ge­çi­ri­len ýa­ryş 2008-nji ýy­la çen­li Ýew­ro­pa hem-de Af­ri­ka yk­ly­mla­ryn­da gu­ral­dy. Soň­lu­gy bi­len, howp­suz­lyk se­bäp­li 2009-njy ýyl­dan soň, Gü­nor­ta Ame­ri­ka­da ge­çi­ri­len ýa­ryş il­kin­ji sa­par Azi­ýa yk­ly­my­na ara­laş­dy.