Öý dokma önümleriniň halkara sergisi hasaplanýan “Heimtextil” dokma önümleriniň sergisi 50-nji gezek geçirildi. 7-10-njy ýanwar aralygynda Germaniýanyň Frankfurt şäherinde “Messe” sergiler merkezinde geçirilen sergide Türkmenistanyň dokma önümleri hem dünýä jemgyýetçiligine görkezildi. Bu giň möçberli sergä 65 ýurtdan 3500 kompaniýa gatnaşyp, öý dokma senagatynyň gazanan üstünliklerini açyp görkezdiler. “Heimtextil” sergisi hojalyk we senagat dokmaçylygynyň, şeýle hem önümçilik tehnologiýalarynyň we enjamlarynyň dünýä boýunça uly möçberli gözden geçirilişleriniň biri bolup durýar.
– Dünýäde şeýle wakalara baý hem-de üstünlikli geçirilýän sergiler örän seýrekdir. 1971-nji ýylyň ýanwarynda geçirilen ilkinji sergä 679 kompaniýa gatnaşan bolsa, geçen döwürde serginiň hiliniň hem-de geriminiň has-da giňeldilmegi üçin ummasyz köp möçberde serişde goýberildi. Şonuň netijesinde hem bu sergä ýylyň-ýylyna gatnaşýan kompaniýalaryň sany yzygiderli köpeldi. 50-nji ýubileý sergi dokma pudagynyň gazananlarynyň özboluşly sergisine öwrüldi – diýip, sergini guraýjy “Messe Frankfurt” kompaniýasynyň baş müdiri Detlef Braun gürrüň berýär.
Her ýylda “Heimtextil” sergisine dünýäniň ýetmişden gowrak ýurdunyň üç müňe golaý wekilleri ýygnanýar. Bu ýerde dokma öndürmekde öňdebaryjylar öz täze önümlerini we soňky döwürde işlenip taýýarlanan nusgalaryny görkezýärler. Olaryň arasynda Ýewropanyň, Aziýanyň, Demirgazyk we Günorta Amerikanyň ýurtlarynyň öňdebaryjy firmalary we kompaniýalary bar.
Maýn boýundaky Frankfurtda guralan sergide Türkmenistanyň dokma senagaty bilen tanyşdyrýan diwarlyklar has köp gelim-gidimli boldy. Sergä Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Söwda-senagat edarasynyň wekillerinden we ýurdumyzyň telekeçilerinden ybarat bolan wekilçilikli topar gatnaşdy. Serginiň birinji gününde Türkmenistanda öndürilýän dokma senagatynyň önümleriniň sergisi guraldy we ýurdumyzyň harytlaryna çärä gatnaşyjylar tarapyndan ýokary baha berildi.
Şeýle hem serginiň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýet agzalarynyň “Messe Frankfurt” sergiler kompaniýasynyň hem-de dünýäniň dürli ýurtlarynyň dokma önümlerini öndürýän kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirildi.
Ýurdumyzyň dokma senagaty milli ykdysadyýetiň sazlaşykly ösýän we şol birwagtyň özünde geljegi uly pudaklaryň biridir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň önüm öndürijileri tarapyndan taýýarlanýan ýüplük, matalar, taýýar dokma önümleri dünýäniň dokma bazarynyň öňdebaryjylarynyň önümi bilen bäsdeşlik edýär. Önümçiligiň ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary hem-de hiliň halkara ülňülerine laýyk gelmegi, dünýä bazarlarynda türkmen dokma önümlerine uly isleg bildirilmegine şert döredýär.