2019-njy ýyl boýunça ABŞ-da 17 milliona golaý awtoulag satyldy. Ýurduň bazarynda öňdebaryjy kompaniýalaryň biri hasaplanýan “General Motors” konserni bu ugurda öňdeligi eýeleýär. Bu kompaniýa ýylyň dowamynda 2,9 million ulag ýerledi. Sanawda ikinji orny “Ford” we “Toyota” kompaniýalary eýeledi. Iki kompaniýa hem, degişlilikde, 2,4 million ulag satdy. Şeýle hem, ABŞ-nyň bazarynda söwdasy netijeli bolan kompaniýalaryň biri hem, “Hyundai-Kia” şereketidir. Bu konserniň ulaglaryna bolan isleg 4 göterim artyp, 1,3 milliona deň boldy.
ABŞ-nyň awtoulag bazarynda iň köp geçginli ulag “Ford” hasaplanýar. Bu ugurda, ikinjiligi “Toyota”, üçünjiligi bolsa, “Chevrolet” eýeleýär. Modeller boýunça öňdebaryjylyk indi köp ýyllardan bäri üýtgemän gelýär. “Forduň” maşgala üçin niýetlenen ulagy amerikalylaryň iň halaýan ulaglarynyň biridir.
Ýaponiýanyň “Toyota” kompaniýasynyň hem uly göwrümli ulaglaryna isleg barha ýokarlanýar. Hususan-da, “Toyota RAV4” uly islegden peýdalanýar. “Toyota Camry” hem amerikalylaryň has köp isleg bildirýän ulaglarynyň arasynda öňdeligi eýeläp başlady.
Ýeňiş MAMMOWOW,
talyp.