Dünýä belli “Daimler” kompaniýasynyň öndürýän “Mersedes” kysymly kaşaň hem-de rahat ulaglary bilen bäsleşip biljek täze ulag ýasaldy. Ol “Hongqi H9” kysymly awtoulagdyr. Bu ulagyň görnüşleri ozal hem bar bolup biler. Ýöne, täze modeli bolan “H9”-yň “Mersedes”-den kem ýeri ýok. Bu ulag Hytaýyň “FAW Group” kompaniýasynyň önümidir. Bu kompaniýa ozal diňe ulaglaryň limuzin görnüşini hem-de ýurduň ýolbaşçy düzümi üçin awtoulaglary öndürýärdi.
2015-nji ýylda ýurduň islendik raýatynyň satyn alyp biljek ulaglarynyň önümçiligini ýola goýdy. Ýylyň-ýylyna ulagyň görnüşlerini has-da kämilleşdiren bu kompaniýanyň “Hongqi H9” awtoulagy Germaniýada öndürilýän “Audi A8”, “Mercedes-Benz S-Class”, “BMW 7 Series” bilen bäsleşip biljek derejede öndürildi.
Bu ulagyň bezeg işleri Jaýls Teýlor tarapyndan amala aşyryldy. Ol dünýä belli “Rolls-Royce” ulaglarynyň bezeg işlerini amala aşyran hünärmendir. 2018-nji ýylda ol Hytaýyň kompaniýasy bilen işleşip başlady we täze awtoulagyň gurluşyny düzdi. Ulagyň içki bezeginde hakyky deri we agaçdan dürli bezegler ulanyldy. Iki sany displeý goýlup, ondaky sensorly düwmejikler bilen ulagy dolandyrmak ýeňillikleri döredildi. Yzky oturgyçlary agyrlyk göteriji, gyzdyryjy we howalandyryjy enjamlar bilen abzallaşdyryldy. “H9” kysymly ulag 2 sany turbo hereketlendiriji bilen işlär. Olar, degişlilikde, 2 we 3 litrlik 252 we 272 at güýjüne eýedir. Bu ulagyň şu ýylyň tomsunda satuwa çykarylmagyna garaşylýar.
Ata ÝAZYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.