Ýewropanyň täze ulaglara baha berýän topary “Euro NCAP” tarapyndan 2019-njy ýylyň iň howpsuz ulaglarynyň sanawy taýýarlandy. Bu toparyň bilermenleri ulaglaryň 55 modelini synagdan geçirdiler we şolaryň arasynda 41 awtoulag ýokary baha – 5 ýyldyza eýe boldy.
“Iň gowy maşgala awtoulagy” derejesinde birinji orny “Mercedes-Benz CLA” ulagy eýeledi. Ol howpsuzlyk bahalandyrmasy boýunça 90 göterim baha mynasyp boldy. “Tesla Model X” ulagy “Uly krossower” derejesinde birinjiligi eýeledi. “Tesla Model 3” ulagy elektrik togy bilen işleýän ulag we gibrid ulaglary derejesinde hem-de “BMW 3” awtoulagy bilen bilelikde, “Uly maşgalalar” derejesinde iň howpsuz ulaglar hasaplandy.
Ýolsuz ýerlerde has çydamly ulaglaryň hatarynda bolsa “Subaru Forester”, “Mazda CX-30” we “Volkswagen T-Cross” ýokary görkezijilere eýe boldy. Iň kiçi ulaglaryň derejesinde “Audi A1” we “Renault Clio” ulaglary öňdeligi eýeledi. Toparyň bilermenleriniň aýtmagyna görä, kiçi ulaglaryň bazary has uly bäsdeşlige eýedir.