2019-njy ýy­lyň ýan­war-no­ýabr aý­la­ryn­da Is­pa­ni­ýa 79,3 mil­li­on da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­çyny ka­bul et­di. Ja­han­keş­de­ler bu ýurt­da 87,265 mil­liard ýew­ro sarp et­di­ler. Ýur­duň mil­li sta­tis­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň ber­ýän mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, 2018-nji ýyl bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny 1,2 gö­te­rim art­dy. Ja­han­keş­de­le­riň sarp ed­ýän pu­lu­nyň möç­be­ri bol­sa 3 gö­te­rim ýo­kar­lan­dy.
Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň, Ger­ma­ni­ýa­nyň hem-de Fran­si­ýa­nyň ra­ýat­la­ry Is­pa­ni­ýa­nyň sy­ýa­hat­çy­lyk ýer­le­rin­de iň köp dynç alan ja­han­keş­de­ler bol­du­lar. Şeý­le hem bu ýur­da gel­ýän sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny­nyň art­ma­gy­na ABŞ-dan hem-de La­tyn Ame­ri­ka­sy ýurt­la­ryn­dan ge­len ja­han­keş­de­ler hem go­şant goş­du­lar. Ola­ryň pa­ýy, de­giş­li­lik­de, 13 gö­te­rime we 10 gö­te­ri­me deň­dir.
Is­pa­ni­ýa­nyň Ka­ta­lo­ni­ýa se­bi­ti iň köp sy­ýa­hat edil­ýän se­bi­ti­dir. Bu ýe­re 18,4 mil­li­on sy­ýa­hat­çy gel­ýär.