Hytaýyň “Geely” we Germaniýanyň “Mercedes-Benz” kompaniýalary bilelikde Hytaýyň bazarynda elektrik togy bilen işleýän ulag öndürerler. “Smart” ady bilen öndüriljek bu ulagyň ekologiýa taýdan arassa ulag bolmagy üçin tagalla ediler. Ony soňlugy bilen, Germaniýanyň bazaryna hem çykarmak meýilleşdirilýär. Iki kompaniýa bu ulagyň önümçiligi üçin, 2,7 milliard ýuan, 400 million dollar töweregi maýa goýum serişdelerini gönükdirmegi meýilleşdirýär. Eger önüm öndürijileriň meýilnamalarynda hiç hili üýtgeşiklik bolmadyk ýagdaýynda, bu ulagyň 2022-nji ýylda satuwa çykarylmagyna garaşylýar. Ulagyň bezeg işleri bilen german hünärmenleri gyzyklanarlar. Ulagyň önümçilik gözegçiligi üçin, direktorlar geňeşi dörediler we her iki kompaniýadan 3 adam bu geňeşiň agzasy bolar.