Hytaý Halk Respublikasy ilkinji gezek ýurduň çäginde nebit we tebigy gaz gözleg işlerine daşary ýurt kompaniýalaryny hem çekmegi meýilleşdirýär. Bu barada ýurduň Tebigy serişdeler ministrligi habar berýär.
Ministrligiň habar bermegine görä, 2020-nji ýylyň 1-nji maýyndan başlap, Hytaýda hasapda durýan we azyndan 300 million ýuan (43 million dollar) arassa maliýe hasaby bolan kompaniýalara ýurduň çäginde nebit we tebigy gaz gözleg işlerine özbaşdak gatnaşmagyna rugsat berilýär. Mundan ozal, halkara kompaniýalara Hytaýyň bir kompaniýasy, esasan hem, CNPC, “Sinopec” we olaryň golçur kärhanalary bilen bilelikde, tebigy serişdeleri gözlemek hem-de olary öndürmek işine gatnaşmaga rugsat berilýärdi.
Bu ugurdaky rugsatnama 5 ýyl möhlet bilen berilýär we soňlugy bilen ýene-de 5 ýyl uzaltmaga mümkinçilik berler. Ýurduň hökümetiniň bu başlangyjy Hytaýyň çäginde nebitiň we gazyň öndürilişini artdyrmaga we bu pudaga daşary ýurt maýasyny çekmäge şert döreder.
Babajan BATYRGELDIÝEW,
talyp.