“Liwerpul” toparynyň senegally ýyldyzy Sadio Mane Afrikada ýylyň futbolçysy diýlip saýlandy. 447 ses alan Mane bu hormata ilkinji gezek laýyk görlüp, 27 ýaşly hüjümçi bu ugurda 2017–2018-nji ýyllaryň ýeňijisi, müsürli topardaşy Muhammed Salahdan (325 ses) hem-de baýragyň 2016-njy ýyldaky eýesi, “Mançester Sitiniň” alžirli oýunçysy Riýad Mahrezden (267 ses) öňe saýlandy. Sadio Mane watandaşy El Hadži Diufdan soň (2001, 2002) bu baýragy alan 2-nji senegally, şeýle-de ol baýrak Afrika Futbol Konfederasiýasynyň guramaçylygynda berlip başlany bäri ony alan 18-nji futbolçy boldy.
Sadio Mane geçen 2019-njy ýylda kluby “Liwerpulyň” Çempionlar ligasynda ýeňiş gazanmagyna hem-de Senegalyň milli ýygyndysynyň Afrika Milletler Kubogynda finala çykmagyna uly goşant goşupdy.
Afrikada ýylyň futbolçysy baýragy 1992-nji ýyldan bäri Afrika Futbol Konfederasiýasy (CAF) tarapyndan berlip gelinýär. Şu wagta çenli bu baýragy iň köp kamerunly Samuel Eto’o bilen kot-d’Iuwarly Ýaýa Ture almagy başardy. Iki futbolçy hem 4 gezek yklymyň iň ökde oýunçysy saýlandy.