Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetini sanlaşdyrmak babatda alyp barýan giň gerimli özgertmeler maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň bank ulgamyna täzeçil tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Şonuň netijesinde, ilata edilýän bank hyzmatynyň hili hem ýokarlanýar.
Ýurdumyzyň banklary öz müşderilerine ýygy-ýygydan täze hyzmatlaryny hödürleýär. Häzirki wagtda bank ulgamyndaky durmuşa ornaşdyrylýan “Cash back” hyzmaty nagt däl hasaplaşygyň amatlydygyny açyp görkezýär. Türkmenistanyň “Halkbank” we “Türkmenistan” döwlet täjirçilik banklary, şeýle hem “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky şu ýylyň 2-nji ýanwaryndan başlap, “Cash back” hyzmatyny ýola goýdular.
Bu bank hyzmaty Türkmenistanyň “Halkbank” we “Türkmenistan” döwlet täjirçilik banklarynyň ähli müşderileriniň “Altyn Asyr” kartlaryna hem-de “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň “Maestro” bank kartlaryna degişli bolup durýar.
Müşderiler söwda we hyzmat ediş nokatlarynda harytlar we hyzmatlar üçin nagt däl görnüşinde hasaplaşyk geçirenlerinde, ähli amallaryň “Türkmenistan”-yň karty üçin 0,5%-i, “Halkbank”-yň karty üçin 1,5%-i, “Rysgal”-yň karty üçin 3%-i “Cash back” görnüşinde yzyna gaýtarylýar. Şeýle hem “Türkmenistan” banky talyp haklary, esger haklary hem-de döwlet kömek pullary geçirilýän “Altyn Asyr” bank kartlary boýunça “Cash back” hyzmatynyň pul sylagyny 1% derejesinde kesgitledi. Pul sylaglary indiki aýyň 5-ine çenli müşderiniň bank kartlaryna geçirilýär.
“Cash back” bank hyzmaty bank kartlary arkaly harytlar we hyzmatlar nagt däl görnüşinde satyn alnanda müşderini höweslendirmek maksady bilen bank kartynyň hasabyna tölenýän pul sylagy bolup durýar. Bu hyzmatda daşary ýurt tejribesinde banklar, iri söwda we hyzmat ediş guramalary hem-de banklaryň söwda guramalary bilen bilelikde işlenip taýýarlanýan görnüşleri tapawutlandyrylýar. “Cash back” hyzmaty ilkinji gezek ABŞ-da 1980-nji ýyllarda, Russiýa Federasiýasynda 2006-njy ýylda, Belarusda 2016-njy ýylda, Gazagystanda 2017-nji ýylda (0,5-1,3 göterim aralygynda), Özbegistanda 2017-nji ýylda (Hi-Tech Bank tarapyndan) hereket edip başlady.
“Cash back” bank hyzmaty soňky on bäş ýylyň dowamynda dünýäniň maliýe we ykdysady taýdan ösen ýurtlarynda has giňden ýaýrady. Häzirki wagtda bu bank hyzmaty maliýe we ykdysady taýdan ösen ýurtlarda geçirilýän amallara görä 1 göterimden (gündelik zerurlyklar, jemagat hyzmatlary we ş.m. tölegler üçin) başlap, 10 göterime (awtomobil ulagy, gozgalmaýan emläkleri, şol sanda, ýaşaýyş jaýlary satyn almak we ş.m. üçin) çenli pul sowgady görnüşinde müşderiniň bank kart hasabyna geçirilýär.
Näzik Hudaýberdiýewa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.