Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len ýur­du­my­zyň ylym-bi­lim ul­ga­my­ny has-da kä­mil­leş­dir­mek, türk­men ýaş­la­ry­na döw­re­bap bi­lim ber­mek ba­bat­da giň ge­rim­li öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­la­ry ama­la aşy­ryl­ýar. Bu öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­sin­de, ylym-bi­lim ul­ga­myn­da uly üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­ýar. Mu­ňa türk­men ýaş­la­ry­nyň dün­ýä­niň dür­li döw­let­le­rin­de ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra bi­lim olim­pia­da­la­ry­na gat­na­şyp, baý­rak­ly orun­la­ra eýe bol­ma­gy hem aýdyň şaýatlyk edýär.
“Türk­me­nis­tan – Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny” ýy­ly­nyň il­kin­ji aýyn­da türk­men ýaş­la­ry il­kin­ji me­dal­la­ry­ny ga­zan­dy­lar. Olar Ga­za­gys­tan­da ge­çi­ri­len ma­te­ma­ti­ka, fi­zi­ka we in­for­ma­ti­ka bo­ýun­ça XVI hal­ka­ra Žau­ty­kow olim­pia­da­sy­na gat­na­şyp, bü­rünç me­dal­la­ryň eýe­le­ri bol­du­lar. Şu ýy­lyň 8-14-nji ýan­wa­ry ara­ly­gyn­da ge­çi­ri­len bäs­le­şi­ge dün­ýä­niň 20-den gow­rak ýur­dun­dan 84 to­par we 600-e go­laý mek­dep okuw­çy­sy gat­naş­dy. 2005-nji ýyl­dan bä­ri ge­çi­ri­lip ge­lin­ýän bu bäs­le­şi­ge gat­naş­ýan ýurt­la­ryň sa­ny yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ýar.
Bu bäs­le­şi­ge ýur­du­my­zyň dür­li se­bit­le­ri­niň mek­dep­le­rin­den saý­la­nan okuw­çy­lar­dan dü­zü­len to­par gat­naş­dy. Ga­za­gys­ta­nyň Bi­lim we ylym mi­nistr­li­gi­niň, “Da­ryn” yl­my-tej­ri­be­çi­lik mer­ke­zi­niň we Hal­ka­ra mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­sy uni­wer­si­te­ti­niň bi­le­lik­de gur­nan bu bäs­le­şi­gi bir­ba­da 3 ugur­dan ge­çi­ril­ýär. Hal­ka­ra bäs­le­şik­de ma­te­ma­ti­ka der­si bo­ýun­ça Aý­ra­tyn ze­hin­li ça­ga­la­ryň Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky döw­let mek­dep-in­ter­na­ty­nyň 10-njy synp okuw­çy­la­ry Mu­ham­met­my­rat Goç­my­ra­dow, Ke­rim Çer­ke­zow we Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Ýo­lö­ten et­ra­by­nyň 40-njy or­ta mek­de­bi­niň 11-nji synp okuw­çy­sy Söh­bet Mak­sa­dow bü­rünç me­dal­la­ra my­na­syp bol­du­lar.

Ogul­ma­ral Me­ret­gu­ly­ýe­wa,
Bal­ka­na­bat şä­he­ri­niň 24-nji or­ta mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my.