Teh­no­lo­gi­ýa gün­sa­ýyn ös­ýär. Bi­ler­men­ler hä­zir­ki wagt­da iş­le­nip dü­zül­ýän tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ýa­kyn gel­jek­de nähili de­re­jä ýet­jek­di­gi ba­ra­da mag­lu­mat taý­ýar­la­dy­lar. Ge­liň, gel­jek 5-10 ýyl­da dur­mu­şy­my­za or­naş­jak tä­ze­lik­le­riň kä­bi­ri bi­len tan­şa­lyň!
Ga­raş­syz­ly­gyň sü­tü­ni bo­lan hem-de ýur­du­my­zyň öň­den­gö­rü­ji­lik­li we ne­ti­je­li hal­ka­ra sy­ýa­sa­ty­ny üs­tün­lik­li ama­la aşyr­mak­da uly orun eýe­le­ýän Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hukuk ýagdaýynyň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Ka­rar­na­ma­sy bi­len ber­ki­dil­me­gi şol ta­ry­hy ýo­luň uly äh­mi­ýet­li wa­ka­sy­dyr. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 25 ýyl­ly­gy Wa­ta­ny­my­zyň ta­ry­hyn­da örän mö­hüm se­ne­dir, onuň da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­nyň mö­hüm tap­gy­ry­dyr. Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si ýur­du­my­za Ýer ýü­zün­de yla­laş­dy­ry­jy mer­kez hök­mün­de be­lent ab­ra­ýa eýe bol­ma­gy­na, yk­dy­sa­dy­ýet­de, dur­muş ul­ga­myn­da, türk­men jem­gy­ýe­ti­niň ru­hy-me­de­ni dur­mu­şyn­da üs­tün­lik­le­ri ga­zan­mak­da onuň oňyn or­nu­ny üp­jün et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­di. Şeý­le­lik­de, 2020-nji ýy­lyň şy­ga­ry Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­my­zy hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mek bo­ýun­ça döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Kon­sep­si­ýa­sy­ny be­ýan ed­ýär.
14-nji ýan­war­da Aş­ga­bat­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lyk­lyk et­me­gin­de ge­çi­ri­len “Türk­me­nis­tan we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry: pa­ra­hat­çy­ly­gyň we ösü­şiň ha­ty­ra­sy­na hyz­mat­daş­lyk” at­ly hal­ka­ra mas­la­hat ýur­du­myz­da we da­şa­ry döw­let­ler­de Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 25 ýyl­ly­gy­nyň hor­ma­ty­na me­ýil­leş­di­ri­len giň ge­rim­li çä­re­le­riň ba­şy­ny baş­la­dy. Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi­niň hem-de bu ul­ga­ma de­giş­li eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň, dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­niň we ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da Mu­kam­lar köş­gün­de ge­çi­ri­len da­ba­ra mu­nuň do­wa­my­na öw­rül­di.
Çä­rä gat­na­şy­jy­lar Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­niň, dün­ýä gi­ňiş­li­gin­de ab­ra­ýy­nyň art­ma­gy­nyň hem-de äh­lu­mu­my yla­laş­dy­ry­jy­lyk iş­le­rin­de or­nu­ny yk­rar et­me­giň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan ägirt uly iş­le­ri üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ho­şal­lyk bil­di­rip, “Türk­me­nis­tan – Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny” ýy­ly­nyň, gür­rüň­siz, tä­ze şöh­rat­ly we be­ýik iş­le­re bes­len­jek­di­gi­ni bel­le­di­ler. Bu çä­rä gat­na­şy­jy­la­ryň çy­kyş­la­ry 2020-nji ýy­lyň “Türk­me­nis­tan – Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny” di­ýen şy­ga­ry­na ba­gyş­la­nan aý­dym-saz­lar bi­len ut­gaş­dy. Paý­tag­ty­my­zyň teatr­la­ry­nyň ar­tist­le­ri­niň, dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň we est­ra­da aý­dym­çy­la­ry­nyň çy­kyş­la­ryn­da şu ýy­lyň şy­ga­ry­nyň ma­ny-maz­mu­ny öz be­ýa­ny­ny tap­dy.