Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni şanly senelere we taryhy wakalara beslenendir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda häzirki wagtda her ýylda däp bolşy ýaly, kazyýet ulgamynda geçiriljek Türkmenistanyň kazylarynyň maslahatyna giňden taýýarlyk görülýär. Türkmenistanyň kazyýet hakyndaky kanunynyň 65-nji maddasynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň kazylarynyň maslahaty, düzgün boýunça, her ýylyň birinji çärýeginde geçirilýär. Maslahata Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň we Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň kazylary gatnaşýarlar hem-de welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň her birinden bu kazyýetleriň Prezidiumlary tarapyndan üç kazy saýlanylýar, olaryň etrap we etrap hukukly şäher kazyýetlerinden ýedi kazy şol kazyýetleriň kazylarynyň umumy ýygnaklarynda saýlanan kazylar gatnaşýarlar. Türkmenistanyň kazylarynyň maslahatynda Türkmenistanyň kanunçylygyny ulanmagyň kazyýet iş tejribesinde ýüze çykýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.
Häzirki döwürde kazyýet ulgamy döwletimizde durmuş-ykdysady özgertmeleriň güýçli depginde amala aşyrylýan şertlerinde hereket edýär. Belent Serkerdebaşymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, durmuş-ykdysady, hukuk syýasatynyň çäklerinde kazyýet ulgamyny ösdürmegiň maksatnamalaýyn çäreleri işlenilip, ösen dünýä ölçeglerine laýyklykda kämilleşdirilip, adyl kazyýetliligiň hilini ýokarlandyrmak, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň kanun arkaly goralmagyny üpjün etmek ugrunda anyk işler durmuşa geçirilýär.
Belent Serkerdebaşymyzyň “Ýurdumyzda kanunçylygyň berjaý edilişini üpjün etmäge gönüden-göni jogap berýän kazyýet ulgamynda öz işine ýokary jogapkärçilik duýgusy bilen çemeleşýän, kanuny ähli zatdan belentde tutmak ýörelgelerine ygrarly adamlar işlemelidir” diýen sözlerine jogap edip, Türkmenistan Watanymyza, mähriban halkymyza, Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysyna wepaly gulluk etjekdigimize ynandyrýarys.
Hurma TÖRÄÝEWA,
Sarahs etrap kazyýetiniň kazysynyň kömekçisi.