Germaniýanyň hökümeti öňümizdäki 10 ýylyň dowamynda demirýol ulgamyny kämilleşdirmek üçin 86 milliard ýewro sarp etmegi meýilleşdirýär. Bu ugurda Federal hökümet bilen ylalaşyk baglaşyldy we döwlet tarapyndan 62 milliard ýewro serişde goýberiler. Maliýe serişdeleriniň galan bölegini “Deutche Bahn” kompaniýasy üpjün eder. Germaniýanyň ulag ministriniň aýtmagyna görä, demirýol ulgamyny kämilleşdirmek üçin goýberilýän maýa goýumlaryň möçberleri yzygiderli ýokarlandyrylýar. Ol hem ýurtda demirýol gatnawlarynyň hiliniň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Ýurduň hökümeti howa goýberilýän hapa gazlaryň möçberini azaltmak üçin hem demirýol gatnawlaryna uly ähmiýet berýär. Şonuň netijesinde, demirýol petekleriniň bahalaryny arzanlatmak göz öňünde tutulýar.