Dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy awia­gur­lu­şyk kom­pa­ni­ýa­sy ha­sap­lan­ýan “Air­bus” şe­re­ke­ti­niň “Be­lu­ga XL” ky­sym­ly uça­ry il­kin­ji uçu­şy­ny ama­la aşyr­dy. Ki­te meň­zeş bu uçara köp­den bä­ri ga­ra­şyl­ýardy.
“Be­lu­ga XL” uça­ry “Be­lu­ga” ýa-da “Air­bus-600ST” uçar­la­ry­nyň orun­tu­ta­ry­dyr. In­že­ner­ler tä­ze uça­ra öz­bo­luş­ly äheň be­rip­dir­ler. Bu uça­r ýyl­gyr­ýan ýüz keş­bi­ne meň­ze­ýär. Uça­ryň bu mo­de­li “Air­bus” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň iş­gär­le­ri ta­ra­pyn­dan ses ber­mek ar­ka­ly saý­la­nyp alyn­dy. Uçar daş keş­bi bo­ýun­ça “uç­ýan kit” ady­na eýe bol­dy.
Hä­zir­lik­çe bu uçar ýük da­şa­mak üçin ni­ýet­le­nen­dir. Uçaryň ýo­lag­çy­lar üçin ni­ýet­le­nen gör­nüş­le­ri­ni hem ön­dür­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.