Fran­si­ýa­nyň Pa­riž şä­he­rin­dä­ki dün­ýä bel­li Luwr mu­ze­ýi iň köp sy­ýa­hat edi­len me­de­ni ojak­la­ryň bi­ri bol­dy. 2019-njy ýyl­da bu ýe­re 9 mil­li­on 600 müň adam gel­di. Ýö­ne 2018-nji ýyl­da Luwr 10 mil­li­on ada­my ka­bul edip­di. Ge­çen ýyl 10 mil­li­on­lyk sep­gi­de ýet­mek ba­şart­ma­dy. 2019-njy ýyl­da Luwr mu­ze­ýi­ne ge­ze­len­je ge­len adam­la­ryň 25 gö­te­ri­mi­ni fran­suz­lar düz­di. Da­şa­ry ýurt­ly myh­man­la­ryň ara­syn­da ABŞ-nyň, Hy­ta­ýyň we Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ýurt­la­ry, ýag­ny Is­pa­ni­ýa­nyň, Ger­ma­ni­ýa­nyň, Ita­li­ýa­nyň we Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň ra­ýat­la­ry öň­de­li­gi eýe­le­di.
Şeý­le hem 2019-njy ýyl­da iň köp adam ka­bul eden mu­zeý­le­riň il­kin­ji bäş­li­gi­ne – Wa­şin­gton­da­ky mil­li mu­ze­ýi, Pe­kin­dä­ki Hy­ta­ýyň mil­li mu­ze­ýi, Wa­şing­ton­da­ky ast­ro­naw­ti­ka mil­li mu­ze­ýi we Lon­don­da­ky ta­ry­hy-ar­heo­lo­gi­ýa mu­ze­ýi gir­di. Luwr­da 300 müň­den gow­rak bel­li eks­po­nat­lar bar. Ola­ryň ara­syn­da Leo­nar­do da Win­çi­niň “Mo­na Li­za” ese­ri öňe saý­lan­ýar. Luwr mu­ze­ýi­niň 8 bö­lü­mi bo­lup, onuň ys­lam di­ni­niň sun­ga­ty­na ba­gyş­la­nan bö­lü­mi 2012-nji ýyl­da açyl­dy. Bu ýer­de dür­li mu­sul­man ýurt­la­ry­nyň sun­gat eser­le­ri köp­çü­li­ge gör­ke­zil­ýär.

Güljemal TÖRÄÝEWA,
talyp.