ABŞ-nyň iri telearagatnaşyk operatory “Verizon”, “Yahoo” kompaniýasyny satyn aldy. Bu geleşigiň bahasy 5 milliard dollara golaýlady. “Yahoo” kompaniýasy internet ulgamynyň iň uly şereketleriniň biridir. 2016-njy ýylyň ilkinji alty aýynda 536 million dollar zyýana galdy.
Onuň ýolbaşçysy Marissa Maýer birnäçe aý mundan ozal, kompaniýanyň belli bir bölegini satmagy ýüregine düwüpdi. Ol şereketiň girdejililigini artdyrmak üçin 3 ýyldan hem köp tagalla etdi. Kompaniýanyň Hytaýyň “Alibaba Group” şereketine satyljakdygy barada-da habarlar çykdy.
2015-nji ýylda satuwa çykarylan kompaniýany “AT&T”, “Google”, “Time Inc”, Britaniýanyň “Daily Mail” gazetiniň esaslandyryjysy “Daily Mail & General Trust” şereketleri satyn almaga isleg bildirdi.
“Verizon” şereketi “Yahoo”-a degişli internet ulgamyndaky gözleg saýtynyň, aragatnaşyk we beýleki ähli digital harytlarynyň täze eýesi boldy. Şeýle hem “Yahoo”-nyň 1 milliarda golaýlaýan abunaçylaryna mahabat hyzmatlaryny berýän gulluklar hem täze kompaniýanyň garamagynda işini dowam etdirer.
Mundan başga-da, 2008-nji ýylda “Microsoft” kompaniýasy “Yahoo”-ny satyn almak üçin 44,6 milliard dollar teklip edipdi. Emma bu ylalaşyk başa barmady.