Ilkinji gezek Saud Arabystanynda geçirilen 42-nji Dakar Rallisi tamamlandy. Ýaryşda ýeňil ulaglaryň sürüjileriniň arasynda ispaniýaly Karlos Saýns ýeňiş gazandy. “Mini” kysymly ulag bilen ýaryşa gatnaşan Saýns ozal hem 2 gezek (2010, 2018) Dakar Rallisinde çempion bolupdy. Ol 42 sagat 59 minut 17 sekuntda pellehanadan geçdi. Şunlukda, 57 ýaşly Saýns Dakar Rallisinde çempionlyk gazanan iň ýaşuly sürüji diýen özüne degişli rekordy ösdürdi. Ol geçirilen 12 tapgyryň 5-sinde pellehana hemmeden öňürti gelmegi başardy. Ondan 06 minut 21 sekunt az netije görkezen katarly Nasser Al- Attiýa 2-nji (“Toyota”) ýere mynasyp boldy. 12-nji tapgyrda gazanylan ýeňiş onuň çempion bolmagyna ýeterlik bolmady. 43 sagat 59 minut 16 sekuntda pellehana gelen fransiýaly Stefan Peterhansel (“Mini”) 3-nji orny eýeledi.
Motosiklçileriň arasynda 3-nji tapgyrda 1-nji orna geçen amerikaly Riki Brabek (“Honda”) ilkinji gezek Dakar Rallisinde ýeňiji boldy. 2 tapgyrda ýeňiş gazanan Brabek 38 sagat 33 minut 28 sekuntda pellehana geldi. Motosiklçileriň arasynda çilili Pablo Kintanilla bilen awstraliýaly Tobi Praýs, degişlilikde 2–3-nji orunlary eýelediler.
Kwadrasiklçileriň arasynda başdan aýak öňe saýlanan çilili meşhur sürüji Ignasio Kasale 3-nji gezek Dakar Rallisiniň çempionlygyny gazandy. Ol 2014-nji we 2018-nji ýyllarda-da çempion bolmagy başardy. Kasaleden soň, fransiýaly Simon Witse 2-nji, polşaly Rafael Sonik 3-nji orna mynasyp boldy.
Ýük ulaglaryna erk edýänleriň arasynda çempion bu ýyl hem üýtgemedi. Ýene-de Russiýanyň “Kamaz” toparynyň sürüjileri çempion bolup, Andreý Karginow 2014-nji ýyldan soň, 2-nji gezek münberiň iň ýokary basgançagyna çykdy.