“La Ligada” birinji basgançakda barýan “Barselona” topary tälimçisi Erneste Walwerdeni wezipesinden boşatdy. Katalonlar onuň ornuna 61 ýaşly Kike Setieni wezipä bellediler. Setien özüniň düýşünde-de görmeýän arzuwynyň hasyl bolandygyny aýtdy. Ol “Barselona” bilen 2,5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Setien özüniň tälimçilik ýolunda “Lugo”, “Las Palmas”, “Betis” ýaly toparlarda işledi. Aýratynam, “Betisde” gazanan netijeleri onuň “Barselona” toparynyň tälimçisi bolmagyna getirdi.
2017-nji ýylyň maý aýynda “Barselonanyň” tälimçisi bolan Walwerde 2,5 ýylyň dowamynda “La Ligada” 2, Ispaniýanyň Şa Kubogy hem-de Super Kubogy ýaryşlarynda 1 gezek ýeňiş gazandy. Ol “La Liganyň” taryhynda topary birinji hatarda barýarka wezipesinden boşadylan 4-nji tälimçi boldy.