ABŞ-nyň «Travel + Leisure» žurnalynyň okyjylarynyň arasynda geçirilen seljermelere görä, Ýewropanyň iň gowy adasy hökmünde Iskýa kesgitlendi. Italiýadaky bu ada gadymy grekleriň hem-de rimlileriň taryhy döwrüni ýatladýar. Bu ýerde saklanyp galan taryhy galyndylar köpüň ünsüni çekýär. Şeýle hem adanyň çägeli deňiz kenary, arassa suwy, gyzgyn suw çeşmeleri beýleki adalardan has-da tapawutly taraplarynyň biridir.
Ýewropanyň iň gowy adalarynyň sanawynda Gresiýanyň adalary hem öňdäki orunlary eýeleýär. Dünýä derejesindäki sanawda Iskýa üçünji orunda durýar. Bu sanawyň başyny Filippinleriň Palawan hem-de Borakaý adalary çekýär.