27-nji ýanwar – Watan goragçylarynyň güni
“Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylymyzyň ilkinji aýynda Watan goragçylarynyň güni uly dabara, aýdym – saz bilen ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bellenilip geçilýär. Watan goragçylarynyň güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri welaýatlarymyzda we Aşgabat şäherimizde ýokary ruhubelentlikde geçirilýär.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri biziň göz-guwanjymyzdyr. Watan serhetden başlanýar. Serhetlerimizi goramak, halkymyzyň asuda durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek üçin türkmen serkerdeleri we esgerleri gije-gündiz Watan goragynda durýarlar. Her ýylyň 27-nji ýanwarynda Watan goragçylarynyň gününiň ýurt derejesinde giňden bellenilip geçilmegi Watan goragçylarynyň güýjüne güýç, gaýratyna gaýrat goşýar.
Häzirki döwürde Türkmenistanda Milli goşunyň düzümlerini täze ýörite tehnikalar hem-de enjamlar bilen üpjün etmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar we olaryň döwrebap gullugy hem-de ýaşaýşy üçin zerur şertler döredilýär hem-de harby gullukçylaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak boýunça çäreler görülýär. Milli goşunymyz halkymyzyň abadan durmuşynyň, döredijilikli zähmetiniň sarsmaz galasy bolup, ýurdumyzda parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine gulluk edýär. Bu ýörelgeler hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan we goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinada öz beýanyny tapdy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarly Watanymyzyň özygtyýarlylygyny goramak we ony mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar.
Şanly senäniň öňüsyrasynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde harby gullukçylaryň birnäçesine Watan goragçylarynyň güni mynasybetli mukaddes harby borjuny ak ýürekden berjaý edip, Watanymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga goşan goşantlary hem-de jemgyýetimizde kanunçylygy we hukuk tertibini berkitmekde bitiren hyzmatlary üçin nobatdaky harby atlar dakyldy. Bu çäre ýurdumyzda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň başda durmagynda merdana Watan goragçylary hakynda edilýän aladanyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.