23-nji ýanwarda hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ç.Pur­çe­ko­wyň hem-de ener­ge­ti­ka mi­nist­ri M.Ar­ty­ko­wyň gat­naş­ma­gyn­da iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. On­da pu­da­gyň işi­ni has-da kä­mil­leş­dir­mek, ýur­du­my­zyň ener­ge­ti­ka sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny göz öňün­de tu­tup, pu­da­gyň işi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ba­ra­da­ky me­se­le­ler hem-de ýur­du­my­zy 2019-2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­ny üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň ugur­la­ry we bu ba­bat­da öň­de dur­ýan we­zi­pe­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Iş mas­la­ha­tyn­da Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ç.Pur­çe­kow pu­dak­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öň­de go­ýan we­zi­pe­le­ri ba­bat­da elekt­roe­ner­ge­ti­ka pu­da­gy­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça ýa­kyn gel­jek üçin kes­git­le­nen me­ýil­na­ma­lar ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, mil­li Li­de­ri­mi­ziň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça ener­ge­ti­ka pu­da­gyn­da yl­myň hem-de hal­ka­ra tej­ri­bä­niň soň­ky ga­za­nan­la­ry­ny or­naş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len de­giş­li iş­ler ge­çi­ril­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň ener­ge­ti­ka­sy­nyň kuw­wat­lyk­la­ry­ny art­dyr­mak bo­ýun­ça pu­da­gyň dü­zü­mi­niň üs­ti Aş­ga­bat­da hem-de we­la­ýat­lar­da gur­lan gaz­tur­bi­na­ly elekt­rik be­ket­le­ri­niň bir­nä­çe­si bi­len ýe­ti­ril­di. Şeý­le hem Da­şo­guz–Bal­kan we Bal­kan–Ahal we­la­ýat­la­ry­nyň ara­syn­da hal­ka­la­ýyn ener­gob­lo­gyň dö­re­dil­me­gi içer­ki sarp edi­ji­le­riň elekt­rik üp­jün­çi­li­gi­niň yg­ty­bar­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dy­rar. Türk­me­nis­tan ener­ge­ti­ka ul­ga­myn­da se­bit we hal­ka­ra äh­mi­ýet­li iri tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak me­se­le­le­ri­ne örän ýo­ka­ry de­re­je­de jo­gap­kär­li çe­me­leş­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Se­riş­de­le­ri tyg­şyt­laý­jy, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry iş­jeň or­naş­dyr­mak döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň baştutan­ly­gyn­da yzy­gi­der­li ama­la aşy­ryl­ýan dur­muş-yk­dy­sa­dy mak­sat­na­ma­la­ryň esa­sy ug­ru­dyr.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­my­zyň ener­ge­ti­ka ul­ga­my­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­me­giň, oňa hä­zir­ki za­ma­nyň öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­si­ni we san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­ma­gyň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çek­di.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak me­se­le­si­niň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di. Şeý­le-de, he­re­ket ed­ýän we gu­rul­ýan önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry­nyň işi­niň eko­lo­gi­ýa ta­lap­la­ry­na do­ly ky­bap gel­me­gi­niň mö­hüm­di­gi nyg­tal­dy.
Soň­ra ener­ge­ti­ka mi­nist­ri M.Ar­ty­kow Türk­me­nis­tan–Ow­ga­nys­tan–Pa­kis­tan (TOP) elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­ga­my çek­mek bo­ýun­ça tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, elekt­rik ener­ge­ti­ka­sy­nyň ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de mö­hüm orun eýe­le­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ener­ge­ti­ka ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri güýç­len­dir­me­gi ta­lap et­di hem-de ýur­du­my­zyň ener­ge­ti­ka sy­ýa­sa­ty­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len bag­ly mö­hüm we­zi­pe­le­ri kes­git­le­di.
Mil­li Li­de­ri­miz ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä­niň baý döw­let­le­ri­niň bi­ri­di­gi­ni, elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dür­me­giň tu­tuş dün­ýä­de iň dü­şe­wünt­li önüm­çi­lik­le­riň bi­ri ha­sap­la­nyl­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Şun­dan ugur alyp, bu mö­hüm pu­da­ga ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň möç­be­ri­ni yzy­gi­der­li art­dyr­mak ze­rur­dyr. Şu­nuň ne­ti­je­sin­de, türk­men ener­ge­ti­ka se­na­ga­ty ýo­ka­ry dep­gin bi­len ös­ýär we dün­ýä ba­zar­la­ryn­da is­leg bil­di­ril­ýän elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň eks­por­tu­ny art­dyr­ma­ga ukyp­ly­dyr.
Iş mas­la­ha­ty­nyň do­wa­myn­da wi­se-prem­ýer Türk­me­nis­tan–Ow­ga­nys­tan–Pa­kis­tan elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­ga­myň gur­lu­şy­gy­nyň öz wag­tyn­da we üs­tün­lik­li gu­rul­ma­gy, şeý­le hem bu ul­gam­da beý­le­ki hal­ka­ra tas­la­ma­la­ryň mun­dan beý­läk-de ama­la aşy­ryl­ma­gy üçin Türk­me­nis­tan–Ow­ga­nys­tan–Pa­kis­tan ug­ry bo­ýun­ça hal­ka­ra elekt­roe­ner­ge­ti­ka tas­la­ma­la­ry mü­dir­li­gi­ni dö­ret­mek ba­ra­da­ky tek­li­bi döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­ra­ma­gy­na hö­dür­le­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz TOP tas­la­ma­sy­nyň di­ňe se­bit üçin däl, eý­sem, tu­tuş dün­ýä üçin hem mö­hüm äh­mi­ýet­li­di­gi­ni bel­läp, hö­dür­le­nen tek­li­bi ma­kul­la­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz M.Ar­ty­ko­wyň ýur­du­my­zyň ener­ge­ti­ka pu­da­gy­ny ös­dür­mek­de örän köp iş­le­ri eden­di­gi­ni, hu­su­san-da, onuň Ow­ga­nys­tan­da iri tas­la­ma­la­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gy­na uly go­şant go­şan­dy­gy­ny, bu ugur­da ägirt uly tej­ri­be top­lan­dy­gy­ny bel­läp, oňa ýe­ne-de bir jo­gap­kär­li we­zi­pä­ni ynan­mak ba­ra­da ka­ra­ra ge­len­di­gi­ni aýt­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz M.Ar­ty­ko­wy Türk­me­nis­tan–Ow­ga­nys­tan–Pa­kis­tan ug­ry bo­ýun­ça hal­ka­ra elekt­roe­ner­ge­ti­ka tas­la­ma­la­ry mü­dir­li­gi­niň ýol­baş­çy­sy we­zi­pe­si­ne bel­läp, ony Türk­me­nis­ta­nyň ener­ge­ti­ka mi­nist­ri we­zi­pe­sin­den bo­şat­dy. Öz ge­ze­gin­de, M.Ar­ty­kow özü­ne bil­di­ri­len ýo­ka­ry ynam hem-de tab­şy­ry­lan jo­gap­kär­li we­zi­pä­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin äh­li gu­jur-gaý­ra­ty­ny hem-de tej­ri­be­si­ni gaý­gyr­ma­jak­dy­gy­na hormatly Ar­ka­da­gy­my­zy ynan­dyr­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz M.Ar­ty­ko­wa tä­ze dö­re­di­len mü­dir­li­giň işi­ni ta­la­ba­la­ýyk ýo­la goý­mak mak­sa­dy bi­len, onuň dü­zü­mi­ne Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry­nyň hem çe­kil­me­gi­niň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny bel­läp, bu ba­bat­da tej­ri­be­li iş­gär­le­ri saý­lap alyp, ony çalt­rak işe gi­riz­me­gi tab­şyr­dy hem-de oňa öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.
Mas­la­ha­tyň bar­şyn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ener­ge­ti­ka mi­nist­ri­niň we­zi­pe­si­ni wagt­la­ýyn ýe­ri­ne ýe­tir­me­gi Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ç.Pur­çe­ko­wyň üs­tü­ne ýük­le­ýän­di­gi­ni aýt­dy we de­giş­li res­mi­na­ma gol çek­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz iş mas­la­ha­ty­ny jem­läp, de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra göz öňün­de tu­tu­lan me­ýil­na­ma­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de äh­li ta­gal­la­la­ry et­me­gi tab­şyr­dy we berk jan sag­lyk, maş­ga­la aba­dan­çy­ly­gy­ny hem-de Ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi­niň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.