Her ýyl dün­ýä­de köp san­ly iri hal­ka­ra ser­gi­ler ge­çi­ril­ýär. Şol ser­gi­le­riň kä­bi­ri aw­tou­lag önüm­çi­li­gi­ne ba­gyş­lan­ýar. Aw­tou­lag ser­gi­le­ri aw­to­mo­bil ba­za­ry­nyň soň­ky ýag­da­ýy­ny, hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de eme­le ge­len aw­tou­lag önüm­çi­li­gi ba­ra­da gys­ga­ça mag­lu­mat al­ma­ga hem-de dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň tä­ze ulag­la­ry bi­len ta­nyş­ma­ga giň müm­kin­çi­lik dö­red­ýär. Şu ýy­lyň do­wa­myn­da ge­çi­ril­jek dün­ýä­niň iri aw­tou­lag ser­gi­le­ri­niň kä­bi­ri ba­ra­da gys­ga­ça mag­lu­mat ber­me­gi ma­kul bil­dik.

Çi­ka­go aw­to­ser­gi­si – 8-17-nji few­ral: ABŞ-nyň Çi­ka­go şä­he­rin­de guralyp, 1901-nji ýyl­dan bä­ri ge­çi­ril­ýär. De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­nyň iri ser­gi­le­ri­niň bi­ri bo­lup, şu ýyl 112-nji ge­zek ge­çi­ril­ýär.
Že­ne­wa aw­to­ser­gi­si – 5-15-nji mart: dün­ýä­niň iň ga­dy­my we ab­raý­ly ser­gi­le­ri­niň bi­ri bo­lup, 1905-nji ýyl­dan bä­ri ge­çi­ril­ýär. Ýew­ro­pa­nyň öň­de­ba­ry­jy ser­gi­le­ri­niň bi­ri­dir.
De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka aw­to­ser­gi­si – 6-21-nji iýun: ol Det­roýt aw­to­ser­gisi hök­mün­de hem ta­nal­ýar. 31 ýyl­dan bä­ri ýan­war aýyn­da ge­çi­ril­ýän bu ser­gi 2020-nji ýyl­da iýun aýy­na süý­şü­ril­di.
Pe­kin aw­to­ser­gi­si – 21-30-njy ap­rel: dün­ýä­niň iň iri aw­tou­lag ba­za­ry­nyň iň uly ser­gi­si­dir. Bu ýer­de ýer­li aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­le­riň dür­li ulag ky­sym­la­ry bi­len ta­nyş­mak bol­ýar. Ýö­ne soň­ky ýyl­lar­da bu ser­gä gat­naş­ma­ga is­leg bil­dir­ýän dün­ýä­niň we Ýew­ro­pa­nyň iri kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň sa­ny hem yzy­gi­der­li art­ýar.
Nýu-Ýork aw­to­ser­gi­si – 10-19-njy ap­rel: has köp gat­na­şy­jy çek­ýän ser­gi­le­riň bi­ri bol­mak bi­len, ABŞ-nyň we dün­ýä aw­tou­lag ba­za­ry­nyň tä­ze­lik­le­ri­ni açyp gör­kez­ýän göz­den ge­çi­riş­le­riň öň­de­ba­ry­jy­sy­dyr. Şu ser­gi­niň çäk­le­rin­de “Ýy­lyň aw­tou­lagy” bäs­le­şi­gi­niň jem­le­ri jem­len­ýär.
Hal­ka­ra bri­tan aw­to­ser­gi­si – 20-23-nji aw­gust: 12 ýyl­dan soň­ra bu hal­ka­ra aw­to­ser­gi­si tä­ze­den ge­çi­ri­lip baş­lan­ýar. Ser­gi­niň has gy­zyk­ly we tä­ze­çil bol­ma­gy üçin gu­raý­jy­la­ryň ta­gal­la ed­ýän­di­gi mä­lim edil­di.
Mosk­wa aw­to­ser­gi­si – 24-27-nji aw­gust: 2 ýyl­da bir ge­zek ge­çi­ril­ýän bu ser­gi hem aw­tou­lag muş­dak­la­ry­ny özü­ne çek­ýär. Şu ge­zek bu ser­gi­de “La­da” ky­sym­ly ula­gyň tä­ze gör­nü­şi­niň gör­ke­zil­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.
Pa­riž aw­to­ser­gi­si – 1-11-nji okt­ýabr: Ýew­ro­pa­nyň ýe­ne-de bir iri hal­ka­ra ser­gi­le­ri­niň bi­ri bo­lup, jü­büt ýyl­lar­da Frank­furt­da­ky ser­gi bi­len gezekleşýär.
Los-An­je­les aw­to­ser­gi­si – 20-29-njy no­ýabr: hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki aw­toulag ser­gi­si­niň iň soň­ku­sy ABŞ-da ge­çi­ri­ler. Ka­li­for­ni­ýa­da ge­çi­ril­ýän bu ser­gi Ýew­ro­pa­nyň iň gym­mat ulag­la­ry­nyň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne gör­ke­zil­ýän ýe­ri­ne öw­rül­di.

Ata MELEBAÝEW, talyp.