2020-nji ýyl Türk­me­nis­ta­nyň hemişelik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň şan-şöh­ra­ty­nyň has-da da­ba­ra­lan­ýan ýy­ly­na öw­rül­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da we dün­ýä­niň dür­li kün­je­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 25 ýyl­ly­gy­nyň baý­ram­çy­ly­gy ulu­dan bel­lenil­ýär. Bu şan­ly se­ne my­na­sy­bet­li dür­li çä­re­ler ge­çi­ril­di we ge­çi­ril­ýär.
Şu ýy­lyň 11-12-nji de­kab­ryn­da bol­sa, “Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty we onuň hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy we dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek­dä­ki äh­mi­ýe­ti” at­ly hal­ka­ra mas­la­ha­ty ge­çi­ri­ler. Bu uly sy­ýa­sy fo­rum üçin “www.ne­ut­ra­li­ty.gov.tm” at­ly ýö­ri­te in­ter­net saý­ty dö­re­dil­di.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça iş­le­ni­lip dü­zü­len bu in­ter­net sa­hy­pa­sy Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan türk­men, iň­lis we rus dil­le­rin­de taý­ýar­la­nyl­dy. Saý­tyň baş we­zi­pe­si şol mas­la­ha­ta, Türk­me­nis­ta­nyň hemişelik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň şan­ly 25 ýyl­ly­gy­ny baý­ram et­mä­ge ba­gyş­la­nan iri çä­re­le­re, bu şan­ly se­ne bi­len bag­ly mö­hüm wa­ka­la­ra taý­ýar­lyk gör­lü­şi­ni we bar­şy­ny be­ýan et­mek­den yba­rat­dyr. “www.ne­ut­ra­li­ty.gov.tm” sal­gy bo­ýun­ça ýüz­le­nen her bir is­leg bil­di­re­ne hal­ka­ra fo­rum hem-de onuň iş mak­sat­na­ma­sy ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin bil­mä­ge, şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry, ösüş stra­te­gi­ýa­sy hem-de yk­dy­sa­dy­ýe­ti we dur­muş ul­ga­myn­da­ky üs­tün­lik­ler ba­ra­da umu­my mag­lu­mat­la­ry, şol san­da sag­ly­gy go­ra­ýyş, bi­lim we ylym ul­ga­myn­da­ky ga­za­ny­lan­lar ba­ra­da umu­my mag­lu­mat­la­ry al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Tä­ze­lik­ler­den baş­ga-da, ýur­du­my­zyň hal­ka­ra dur­mu­şy­na de­giş­li mag­lu­mat­la­ry gör­kez­ýän fo­to­su­rat­lar hem-de ar­hiw ne­şir­le­ri bar. Tä­ze in­ter­net sa­hy­pa­sy­nyň oňaý­ly gur­lu­şy hem-de hä­zir­ki za­man be­ze­gi on­dan has ýö­ne­keý, tiz we ula­ny­jy­lar üçin amat­ly ugur al­ma­ga ýag­daý dö­red­ýär.

Säh­ra­gül Beg­li­ýe­wa,
Gök­de­pe et­ra­by­nyň 3-nji or­ta
mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my.