Sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da gi­ňel­ýän iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­syn­dan ge­len ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­riň no­bat­da­ky to­pa­ry Aş­ga­bat­da iş sa­pa­ryn­da bol­ýar­lar. Luk­man­çy­lyk ul­ga­myn­da iň go­wy da­şa­ry ýurt tej­ri­be­si­ni öw­ren­mek we öz­leş­dir­mek ba­bat­da giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. En­çe­me ýyl­la­ryň do­wa­myn­da GFR-den bo­lan pro­fes­sor­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da iş­jeň ös­dü­ril­ýän gat­na­şyk­la­ryň bar­şyn­da türk­men luk­man­la­ry­nyň hü­när de­re­je­si ýo­kar­lan­dy, luk­man­çy­lyk iş tej­ri­be­si­ne ke­sel­le­ri anyk­la­ma­gyň we be­jer­me­giň tä­ze usul­la­ry or­naş­dy­ryl­dy.

Türk­me­nis­tan bi­len Ger­ma­ni­ýa­nyň ara­syn­da­ky luk­man­çy­lyk ul­ga­myn­da­ky hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de Hal­ka­ra sag­lyk mer­kez­le­ri mü­di­ri­ýe­ti­niň Kel­le we bo­ýun ke­sel­le­ri­ni be­je­riş hal­ka­ra mer­ke­zin­de ger­ma­ni­ýa­ly pro­fes­sor­lar – oto­ri­no­la­rin­go­log Ýo­han­nes Senk hem-de anes­te­zio­log Klaus Çaý­kows­kiý türk­men hü­när­men­le­ri bi­len bi­le­lik­de il­kin­ji ge­zek ýur­du­myz­da hä­zir­ki za­man hi­rur­gi­ki be­je­riş usu­ly­ny – koh­le­ar imp­lan­ta­ty oturt­mak ope­ra­si­ýa­ny üs­tün­lik­li ama­la aşyr­dy­lar. Bu ope­ra­si­ýa neý­ro­sen­sor gu­la­ga­gy­ry­ly­ly­gy be­jer­me­giň döw­re­bap hi­rur­gi­ýa usu­ly bo­lup dur­ýar.
– Koh­le­ar imp­lan­ta­ty eşit­mek­den ga­lan we do­ly mah­rum bo­lan has­sa­la­ry be­jer­me­giň has ne­ti­je­li usu­ly bo­lup, ol ha­çan-da, gu­lak en­jam­la­ry kö­mek edip bil­me­dik ýag­da­ýyn­da eşit­me­gi di­kelt­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Ýö­ri­te elekt­ron en­jam ses­le­ri tut­ýar we ola­ry gu­la­gyň içi­ne gö­nük­di­ril­ýän elekt­rik im­puls­la­ra öwür­ýär, bu bol­sa nä­sa­ga eşit­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­red­ýär – di­ýip, luk­man­çy­lyk ylym­la­ry­nyň dok­to­ry, Augs­burg şä­he­ri­niň Oto­ri­no­la­rin­go­lo­gi­ýa uni­wer­si­tet kli­ni­ka­sy­nyň di­rek­to­ry Ýo­han­nes Senk gür­rüň ber­ýär.
Luk­man­çy­lyk bo­ýun­ça ne­mes hü­när­men­le­ri­niň kö­pü­si ýa­ly Ýo­han­nes Senk Türk­me­nis­tan­da bir­nä­çe ge­zek bo­lup, ýer­li luk­man­lar bi­len tej­ri­be alyş­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gol­daw ber­me­gin­de türk­men-ger­man gat­na­şyk­la­ry yzy­gi­der­li hä­si­ýe­te eýe bol­dy. Şeýlelikde, Türk­menistanyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny, hu­su­san-da, oto­ri­no­la­rin­go­lo­gi­ýa­ny tä­ze de­re­jä çy­kar­mak we onuň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mek­de no­bat­da­ky mö­hüm ädim ädil­di.