Dünýä belli “Copenhagen Economics” maslahat beriş agentliginiň taýýarlan hasabatyna görä, Ýewropanyň kompaniýalary 2019-njy ýylda internet ulgamyndaky jemgyýetçilik torlary arkaly 208 milliard ýewro möçberinde söwda amala aşyryp, 3 milliona golaý iş ýeri bilen üpjün etdiler.
Bu hasabaty taýýarlamak üçin Ýewropanyň 15 ýurdunyň dürli pudaklarda işleýän 7720 kompaniýasy bilen pikir soralyşyk geçirildi. Bu kompaniýalar “Facebook”, “Instagram”, “WhatsApp” we “Messenger” ýaly jemgyýetçilik torlaryndan peýdalanýarlar. Ýewropa Bileleşiginiň çägindäki 25 milliondan gowrak kompaniýa her aý jemgyýetçilik torlarynyň hyzmatyndan peýdalanýarlar.
Esasan hem, zenanlar tarapyndan döredilen kompaniýalar işleriniň geriminiň giňemegi üçin, ilkinji tapgyrlarda jemgyýetçilik torlaryna has uly ähmiýet berýärler.