Süýt önümleriniň biri hasaplanýan peýniriň düzüminde saglyk üçin wajyp bolan witaminleriň bardygy anyklandy. Beýik Britaniýanyň alymlary bu ugurda barlag işlerini geçirdiler.Düzüminde köp kaloriýanyň, ýagyň we duzuň bardygy üçin peýniri az mukdarda iýmek maslahat berilýär. Ýöne peýniriň düzüminde-de adam bedeni üçin zerur bolan köp sanly beýleki iýmit maddalary bar.
Her gün peýnir iýmegiň peýdaly tarapynyň biri, onuň düzümindäki witaminlerdir. Alymlaryň aýtmagyna görä, peýniriň görnüşine baglylykda, düzüminde A, B2, B6, B12, D we K witanimler bar. A witamini immun ulgamyny goldaýar, B2 witamini deri, göz we beýni ulgamy üçin peýdaly, B6 witamini gemoglobin üçin zerurdyr, B12 witamini eritrositleriň işlenip çykarylmagy üçin gerek, D witamini adam bedenindäki kalsiniň derejesini sazlaýar, K witamini ýaralaryň çalt bitmegi üçin peýdalydyr.
Şeýle hem peýniriň diş üçin hem peýdalydygy aýdylýar. Onuň düzümindäki köp mukdardaky kalsiý süňkleriň we dişleriň sagdyn bolmagyna kömek edýär. Alymlar her gün 30 gram peýnir iýmegi maslahat berýärler. Onda-da onuň az ýagly görnüşini iýmegiň has peýdalydygy aýdylýar.
Ýusup HALLYÝEW, talyp.