Tehnologiýanyň çalt depginde özgerýän döwründe mobil aragatnaşygyň täze nesilleriniň hyzmatyndan peýdalanmaga hem uly ähmiýet berilýär. Dünýäniň köp ýerinde mobil aragatnaşygyň 4G nesli ulanylýar. Dünýäniň köp sanly ýurdy 5G ulgamyna geçmäge taýýarlyk görýär. 4G bilen 5G ulgamyna geçilýän döwürde Ýaponiýa 6G ulgamyny işe girizmegiň maksatnamasyny düzýär.
Ýurduň metbugat habarlaryna görä, Ýaponiýada bu ulgamy 2030-njy ýylda durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Ýaponiýanyň hökümeti munuň üçin ýörite topar döretmek hakynda çözgüt kabul etdi. Döwlet ýolbaşçylarynyň we garaşsyz bilermenleriň gatnaşmagynda dörediljek topar 6G ulgamyna geçmegiň ähli ugurlaryny öwrener. Bu topar Tokio uniwersitetiniň howandarlygynda döredildi. Oňa NTT (“Nippon Telegraph and Telephone”) telekom-operatory we “Toshiba” kompaniýasy hem goşuldy.
5G ulgamyndan soňky nesil bolan 6G ulgamy bir öňki ulgamdan 10 esse has çalt işlär. Ol geljegiň jemgyýetini döretmäge mümkinçilik berer. Bu ulgamy işläp düzmek we öwrenmek üçin ilkinji tapgyrda 2 milliard dollar maýa gönükdiriler. Ýaponiýadan başga-da Hytaýda, Finlýandiýada we Koreýa Respublikasynda 6G tehnologiýasynyň üstünde işlenilýär.
Bagtyýar DERÝAGULYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.