Belgiýanyň Ostend şäherinde gumdan heýkelleriň festiwaly geçirildi. Onda dünýä belli kino we sungat işgärleriniň heýkelleri ýasaldy. Bu ýere gelen jahankeşdeler we myhmanlar 150-den gowrak heýkel bilen tanşyp, öz muşdagy bolan şahsyýetleri ykjam telefonyna surata düşürdi ýa-da heýkeliň golaýynda özi surata düşdi. Bu festiwala 12 döwletden 40-dan gowrak heýkeltaraş gatnaşdy. Heýkelleriň tutýan meýdany 10 müň inedördül metre barabar boldy. Heýkelleriň arasynda 2016-njy ýylyň 3-nji iýunynda aradan çykan dünýä belli sport ussady, boksçy Muhammed Aliniň hem heýkeli bar. Şeýle hem bu ýerde “Ýüzükleriň hökümdary”, “Goýy gyzyl ýagyş”, “Erbet tanslar”, “Çokundyran ata”, “Ökde atyjy”, “Meniň adym Bond. Jeýms Bond” ýaly köp sanly kinofilmleriň gahrymanlarynyň heýkelleri adamlarda uly gyzyklanma döretdi.
Heýkeltaraşlar 150 sany heýkeli ýasamak üçin 4 hepde irginsiz işlediler. Munuň üçin 6 müň tonna çäge ulanyldy. Heýkelleriň beýikligi 2 metrden 6 metre çenli uzalyp gidýär. Olar dürli howa şertlerine görä çydamly edilip ýasaldy. Sergi 4-nji sentýabra çenli dowam eder.