Türkiýe Respublikasynyň deňiz kenaryndaky Antalýa welaýatynda ABŞ-nyň kino senagatynyň merkezi bolan Golliwuda meňzeş zolagyň döredilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada welaýatyň adybir şäheriniň häkimi Menderes Türel habar berdi.
– Biz şäherimizde Golliwuda meňzeş kinofilmleri surata düşürmäge mümkinçiligi bolan zolagy döretmegi göz öňünde tutýarys. Bu taslama ýarym ýyl mundan ozal başlandy. ABŞ-nyň “Paramaunt” we “Uniwersal” studiýalary bilen gepleşikler geçirdik – diýip, Türel gürrüň berýär. Onuň aýtmagyna görä, “Uniwersal” studiýasynyň Golliwudyň çäklerinde 30 gektara golaý ýeri bolup, ol tutuşlygyna dürli filmleri surata düşürmek üçin ähli mümkinçilige eýedir.
Golliwuddaky studiýalar işiniň gerimini giňeltmek üçin dünýäniň dürli ýurtlary bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýarlar. Şonuň üçin olar beýleki ýurtlardan ýer kireýne almagyň ýollaryny gözleýärler. Antalýa şäherinde-de olar üçin 500 gektara çenli ýeri bölüp bermäge mümkinçilik bar.
Türkiýäniň “Golliwudyny” Antalýa şäheriniň günbatarynda Ortaýer deňzine guýýan Bogaçaý derýasynyň kenarynda gurmak meýilleşdirilýär. “Bogaçaý” taslamasynyň çäklerinde ýaşaýyş jaý toplumyny, dürli durmuş-medeni desgalaryny, dynç alyş zolaklaryny, ýahtalar üçin porty gurmak göz öňünde tutulýar. Şäheriň täze etrabyny häzirki zaman tehnologiýasyndan giňden peýdalanmak arkaly gurmak maksat edinilýär.