Şu ýylyň 28-nji ýanwarynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň paýtagty Berlin şäherinde “Ýaşyl Merkezi Aziýa” atly ýokary derejeli maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Şeýle hem maslahatyň işine Germaniýanyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Owganystanyň wekiliýetleri gatnaşdylar.
Gatnaşyjylar howanyň üýtgemegi we sebitde howpsuzlygy saklamak, şol sanda, daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, biodürliligi gorap saklamak, çölleşmäge garşy göreşmek, daglyk sebitleriniň ösdürilmegi we beýlekiler bilen bagly birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Ýokary derejeli maslahatyň çäklerinde howa hem-de howpsuzlyk boýunça “Ýaşyl Merkezi Aziýa” atly sebitleýin başlangyjyna badalga berildi. Başlangyjyň maksady howanyň üýtgemegi we onuň bilen bagly meseleler baradaky köpugurly gepleşigiň goldanylmagyndan ybaratdyr.
“Ýaşyl Merkezi Aziýa” başlangyjy Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça täze strategiýasyny durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýe bolar. Mundan başga-da bu strategiýa ýurtlaryň howa we ekologiki ýagdaýlar ýaly töwekgelçiligiň içerki we daşky şertlerine durnuklylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Maslahata gatnaşan wekiliýetleriň ýolbaşçylary “Ýaşyl Merkezi Aziýa” atly başlangyjy goldadylar we bilelikdäki jarnama gol çekdiler.
Mundan başga-da, türkmen wekiliýeti Berlin şäherindäki saparynyň çäklerinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň daşary işler ministri Haýko Maas, ÝB-niň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Žozep Borrell Fontelles, GFR-iň Kansleriniň daşary syýasat we howpsuzlyk meseleleri boýunça geňeşçisiniň orunbasary Kristina Baýnhof, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Peter Buriýan we beýleki birnäçe wekiliýetler bilen duşuşyklar geçirdiler.