Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda Türkmenistan bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) arasynda 2021 – 2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Ýurt boýunça maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça geňeşme duşuşygy geçirildi. Bu çärä BMG-niň ýurdumyzdaky Çagalar gaznasynyň ýolbaşçysy Kristina Weýgand, Milli Parlamentiň, dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle hem ýaşlar gatnaşdylar.
Duşuşygyň barşynda ýygnananlar düýpli ugurlar, şeýle hem hyzmatdaşlygyň täze Maksatnamasyna girizmek teklip edilýän goşmaçalar bilen tanyşdyryldy. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryna esaslanýan bu resminama çagalaryň saglygy, olaryň iýmiti, sazlaşykly ösüşi, durmuş goraglylygy, ýokary hilli bilimi, şeýle hem bu ulgamda döwlet dolandyrylyşyny kämilleşdirmek ýaly ugurlarda gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
BMG-niň Türkmenistandaky Çagalar gaznasynyň wekilhanasynyň ýolbaşçysy öz çykyşynda ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berdi hem-de çagalaryň bähbidine bilelikdäki işi dowam etdirmäge taýýardygyny beýan etdi.
Türkmenistanda ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi, ýokary hilli bilim almagyny üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär, bu ugurda döwlet maksatnamalary we milli meýilnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyz bu ugurdaky esasy halkara hukuk resminamalaryna goşuldy. Hususan-da, ýurdumyz çaganyň hukuklary hakynda BMG-niň Konwensiýasyny tassyklady. Munuň özi raýat, ykdysady, medeni, durmuş we syýasy meseleleriň giň toparyny gurşap alýan ilkinji halkara resminamadyr.
Duşuşyga gatnaşyjylar şeýle hem Türkmenistan bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasynda 2021 – 2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Ýurt boýunça maksatnamasyny durmuşa geçirmekde teklip edilýän çemeleşmeler hakynda pikir alyşdylar.