Ykjam mobil aragatnaşyk ulgamynda 5G tehnologiýasy ýuwaş-ýuwaşdan ornaşyp başlady. Bu ulgam bilen işleýän telefon önümçiligi hem giň gerime eýe boldy. 2019-njy ýyl boýunça 5G ulgamly smartfonlaryň söwda bazarynda öňdeligi Hytaýyň “Huawei” hem-de Koreýa Respublikasynyň “Samsung” kompaniýalary eýeledi.
“Strategy Analytics” kompaniýasynyň geçiren seljermelerine laýyklykda, 2019-njy ýylda 5G ulgamy bilen işleýän telefonlaryň sany 18,7 milliona deň boldy. Bu önümçilikde birinjiligi Hytaýyň “Huawei” kompaniýasy eýeläp, 6,9 million telefon öndürilip, bu bazardaky paýy 36,9 göterime deň boldy. “Huawei” kompaniýasynyň “Mate 20 X 5G” hem-de “Mate 30 Pro 5G” telefonlary uly islegden peýdalanýar.
Bu ugurda ikinji orun “Samsung” kompaniýasyna degişlidir. Ol 6,7 million telefon öndürip, bazaryň 35,8 göterimini eýeledi. Kompaniýanyň “Galaxy Note 10 5G” hem-de “Galaxy S10 5G” telefonlary has meşhurdyr. Şeýlelikde, bu iki kompaniýanyň bazardaky paýy 73 göterime deňdir.
Mundan başga-da, bu bazarda 10,7 göterim bilen “Vivo” kompaniýasy üçünji, 6,4 göterim bilen “Xiaomi” kompaniýasy dördünji hem-de 4,8 göterim bilen LG kompaniýasy bäşinji boldy.