Halkara raýat awiasiýasy guramasy (IKAO) ýakyn geljekde asman giňişliginde 6 ýolagçyny gatnatmaga ukyply bolan uçýan ulaglaryň peýda boljakdygyny mälim etdi. Guramanyň maglumatlaryna görä, ululy-kiçili 100-e golaý kompaniýa şeýle ulaglaryň önümçiligi bilen meşgullanýar. Olaryň käbiri ýakyn döwürde öndüren ulaglaryny bazara çykarmagy meýilleşdirýär. Ýöne aglabasy 2025-nji ýyla taýýarlanýar.
Bilermenleriň aýtmagyna görä, uçýan taksiler dünýäniň iri şäherleriniň köçelerindäki ulag dyknyşyklarynyň öňüni almaga kömek eder. Uçýan ulaglary öndürmek babatda käbir şertleri hem göz öňünde tutmaly bolar. Ulaglaryň her ýyl asmanda 1500-1700 sagat galmagy üçin degişli tehnologiýa işlenip düzülmelidir.
Häzirki wagtda Şweýsariýanyň Sýurih şäherindäki “Daedalean” kompaniýasy awtonom ulgamly ulaglaryň işleýiş programmasynyň üstünde işleýär.