Tu­tuş dün­ýä­de elekt­rik to­gy bi­len iş­le­ýän ulag­la­ryň sa­ny or­ta­ça 2 mil­li­on kö­pe­len ýag­da­ýyn­da 2025-nji ýyl­da bu ulag­la­ryň sa­ny 10 mil­lio­na, 2040-njy ýyl­da bol­sa 30 mil­lio­na ba­ra­bar bo­lar.
Hal­ka­ra Ener­ge­ti­ka agent­li­gi­niň “2019-njy ýyl bo­ýun­ça dün­ýä­niň ener­ge­ti­ka ýag­da­ýy” ba­ra­da­ky sy­nyn­da bel­le­ni­lip ge­çi­li­şi ýa­ly, di­ňe ge­çen ýyl 2 mil­li­on­dan gow­rak elekt­ro­mo­bil sa­tyl­dy. Dün­ýä döw­let­le­ri­niň alyp bar­ýan oňyn eko­lo­gi­ýa sy­ýa­sa­ty, bu ugur­da­ky önüm­çi­li­giň çyk­da­jy­la­ry­nyň azal­ma­gy ýa­ly ugur­lar dün­ýä­de şeý­le ulag­la­ryň sa­ny­nyň art­ma­gy­na ge­tir­di.
Soň­ky mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ge­çen ýyl dün­ýä­de elekt­rik to­gy bi­len iş­le­ýän ulag sa­ny­nyň 5 mil­lio­na ýe­ten­di­gi mä­lim edil­di. Bu ugur­da esa­sy zat, şeý­le ulag­lar üçin ni­ýet­le­nen ba­ta­re­ýa­la­ryň önüm­çi­li­gi bo­lup dur­ýar. Şol önüm­çi­lik­de ga­za­nyl­jak üs­tün­lik­ler ulag­la­ryň sa­ny­nyň art­ma­gy­na ge­ti­rer.
Ger­ma­ni­ýa­nyň öň­de­ba­ry­jy BMW kom­pa­ni­ýa­sy Hy­ta­ýyň “Con­tem­po­ra­ry Am­pe­rex Techno­lo­gy Co” we Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň “Sam­sung SDI” kom­pa­niýa­la­ry bi­len ba­ta­re­ýa sar­gyt et­mek ba­bat­da 10 mil­liard ýew­ro möç­be­rin­de yla­la­şyk bag­laş­dy. Bu şert­na­ma BMW kom­pa­ni­ýa­sy­nyň 2023-nji ýyl­dan baş­lap, 25 sa­ny elekt­rik to­gy bi­len iş­le­ýän ulag gör­nüş­le­ri­niň önüm­çi­li­gi­ne baş­la­ma­gy­na müm­kin­çi­lik dö­re­der.

Baýramgeldi HUDAÝBERDIÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.